Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

11 Sentýabr 2024
30

Belent sepgitlere badalga bolar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi, Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap dowam etdirýän türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanyljak günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda giň wekilçilikli bu forumy çagyrmak we guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler bellenildi.