Beýik pyragyly mähriban Watan

11 Sentýabr 2024
25

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy bütin türkmen halkynyň kalbyny guwanja gaplady. Beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynyň şeýle ajaýyp şygara beslenilmegi biziň ýurdumyzda çeper sözüň gadyr-gymmatynyň juda belentdigini aňladýar.

Şeýle guwançly ýylda ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekýän halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýuna sowgatly barmak hyjuwy bilen joşýar. Şol joşgunly zähmet bolsa, halk hojalygynyň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär.