Bagtly geljegiň gönezligi

11 Sentýabr 2024
42

Etrabymyzda çagalar baglarynyň 27-si bolup, olarda körpeleriň 3950den gowragy terbiýelenilýär. Bu terbiýe ojaklarynda zähmet çekýän işgärlerimiz hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň bilimliterbiýeli, ajaýyp döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri barada edýän taýsyz aladalaryndan ruhlanyp, güýçgaýratlaryny gaýgyrman, yhlasly zähmet çekýärler.

Çaganyň bilimterbiýesi bilen baglanyşykly işde terbiýeçileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Munuň üçin olaryň alyp barýan gündelik işlerinde kämil iş usullaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanyp guramaklaryna aýratyn üns berilýär. Kärine döredijilikli çemeleşýän terbiýeçilerimiz okuw sapaklaryny täsirli guraýarlar. Körpeler bilen gyzykly çäreleri geçirýärler.

Maýsa ALLABERENOWA,
Kerki etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.