Akyldar şahyryň edebi mirasy

10 Sentýabr 2024
149

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly waspçysy, halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyr. Onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadyr. Şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň müň öwüşginli almaz täjidir. Ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr.

Dana şahyryň döredijiligi filosofik nukdaýnazardan hem durmuş hakykatyny özünde jemläp, hemişe adamlary ýagşylyga, agzybirlige, erkinlige çagyrýar. Onuň şygryýeti halkyň ykbalyny, watançylygyny hem gahrymançylygyny, milli mertebesini, ruhy dünýäsini, paýhas joşgunyny öz içine alýar. Akyldaryň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini, sagdynlygyny üpjün edýän ýörelgelerimiziň binýadydyr. Magtymguly Pyragy agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Akyldar şahyryň «Türkmen binasy» goşgusyndaky:

Aýbölek BEGMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 54-nji orta mekdebiň mugallymy.