Agam we men (Hekaýa)

9 Sentýabr 2024
74

Gadymy ertekilerde nesilme-nesil ötüp gidip barýan neberäniň taryhy, adatça, gysgajyk jümlelere sygdyrylyp beýan edilýär. Mysal üçin: «Pylany (patyşamy ýa-da garyp adam, parhy ýok) söýgüli aýaly bilen uzak we bagtly ömür sürdüler, wagty-sagady gelende, olaram dünýäden ötdüler.Yzlarynda bir perzent galdy...».

Ine, bar bolany. Şujagaz jümlä tutuş adam ykbaly, giden bir ömür sygýar. Emma ykbal ýoly, aslynda, kelte jümlä sygardan uzak hem külpetli ahyryn, onda söýgi-de bar, ýigrenjem, ajy günlerem bar, süýji günlerem. Hut şonuň üçin men seniň ykbalyňy şeýle gysga beýan edesim gelenok. Sebäbi sen meniň üçin iň ýakyn ynsandyň.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.