Zähmeti görelde mugallym

8 Sentýabr 2024
135

(Oçerk)

Sözbaşynyň beýle goýulmagynyň «syry» bar. «Mekdepde Mesne mugallym okadan bolsa, ol okuwçy ökdedir». Soňam onuň bilen işleşenler, ony halypa saýýanlar sözlerini şeýle jemleýärler: «Zähmeti göreldedi, tejribelidi». Ine, onuň ömür ýoluna berilýän gysgaça kesgitleme şeýle. Şol gysgadan buýsançly jümleleriň aňyrsyndan bolsa, ykbalyň çyn mazmuny — mugallymçylyga bagyşlanan ömür ýoly uzap gidýär. Ol ýol yzarlap otursaň, ýarym asyrdanam aşyberýär.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.