Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!

8 Sentýabr 2024
208

Ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek we wagyz etmek asylly ýörelgä öwrüldi. Hadysalaryň öňüni almak maksady bilen dürli çäreler alnyp barylýar. Ýollarda abatlaýyş işleri giňden alnyp barylýar, şeýle-de döwrebap köp zolakly, gijelerine ýagty, garşylyklaýyn hereketde aragermewli awtomagistrallar, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeler gurulýar.

Ýol-hereket düzgünleriniň berjaý edilişine, awtoulaglaryň tehniki guratlygyna gözegçilik edilýär, sürüjileriň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Munuň özi ýol-ulag hadysalaryň döremeginiň öňüni alýar.

Arslan HUDAÝBERENOW,
Şikesleri bejeriş Halkara merkeziniň lukmany.