Özbegistanda 27-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk görülýär. Respublikanyň Merkezi saýlaw topary ýurtlaryň 39-synda 56 saýlaw uçastogyny açmak barada karar kabul etdi. Saýlaw uçastoklary Russiýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Türkmenistanda, Hytaýda, BAE-de, Saud Arabystanynda, Türkiýede, Germaniýada, ABŞ-da, Koreýa Respublikasynda we ýene-de 29 ýurtda açylar.
Öňde duran saýlawlar ilkinji gezek mažoritar (garyşyk) ulgamda geçiriler. Onuň barşynda kanun çykaryjy palatanyň 250 wekili saýlanar. Olaryň 75-si bir mandatly saýlaw okruglarynda, ýene-de 75-si bolsa, syýasy partiýalara berlen seslere esaslanyp, bir saýlaw okrugynda saýlanarlar.