Meksikada zenanlaryň işleri boýunça federal ministrlik dörediler. Bu barada ýurduň täze saýlanan Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum mälim etdi. Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, teklipleri çuňňur öwrenenden soň, ozal bar bolan Aýal-gyzlaryň işleri boýunça milli institutyň esasynda şeýle ministrligi döretmek kararyna gelipdir. Edaranyň başlygy häzirki wagtda «Milli galkynyş hereketiniň» (MORENA) baş sekretary, şeýle hem Mehiko şäheriniň senatory bolup işleýän Sitlali Ernandes bolar.
Şeýnbaumyň aýtmagyna görä, ministrlik 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, döwlet Baştutany wezipesine girişenden soň işläp başlar. Zenanlaryň işleri boýunça ministrligiň döredilmegi Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti boljak Klaudiýa Şeýnbaum tarapyndan öňe sürlen özgertmeleriň biridir.