Biz — kitapsöýüji nesiller!

30 Awgust 2024
117

Kitap — iň gowy söhbetdeş. Kitap — özboluşly bir dünýä. Ol aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýadyňa salýar. Her okalan kitap bolsa bizi bir basgançak ýokary göterýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň guramagynda «Kitapsöýüji nesiller» ady bilen kitap şüweleňiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Bu özboluşly kitap baýramçylygy birleşigiň paýtagtymyzdaky durky döwrebap görnüşde täzelenen 4-nji kitap dükanynda guralyp, oňa «Nesil» gazetiniň döredijilik topary hem işjeň gatnaşdy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».