Zähmet howpsuzlygy pugtalandyrylýar

30 Awgust 2024
114

Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat we Bereket etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda zähmeti goramak, sagdyn howpsuz iş şertlerini üpjün etmek bilen bagly kanunçylyk namalary düşündirmek maksady bilen, okuw maslahaty geçirildi. Oňa TKA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, etrabyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň işgärleri, oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlary, sürüjileri we edara-kärhanalaryň zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk hünärmenleri gatnaşdy.   

Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler ekin meýdanlarda howply hem-de zyýanly önümçilik faktorlaryndan goranmagyň usullary hakynda belläp geçdiler. Zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini guramaçylykly alyp barýandyklary üçin oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlaryna, sürüjilerine hem-de edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk hünärmenlerine TKA-nyň welaýat hem-de etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gulatar GAZAKOW,
TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.