Dünýä tejribesi öwrenilýär

25 Awgust 2024
208

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli taslamalar, halkara hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeler ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky «Internasional Ltd» şahamçasynyň we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guraldy.

Amanmyrat ARAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.