Ekene gaýrat, iýene sogap

19 Awgust 2024
130

Jöwzaly tomsuň dürli naz-nygmatlarynyň içinde gawundyr garpyzyň aýratyn orny bar. Olary iýip bolanyňdan soňra, «Ekene gaýrat, iýene sogap,//Mezit azat, Pygamber Hudaga salawat» diýlip omyn edilmegi-de bu nygmatlaryň behişdidiginden habar berýär.

Türkmen gawun-garpyzlarynyň görnüşi 400-e golaýlaýar. Öz döwründe bu datly önümleri ekip, tohumyny ýitirmän saklan saýatly bakjaçy, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri Ömürguly Ahmedowyň asylly işini ogly Annaguly Ahmedow dowam edýär. Ol ýaşlygyndan gawun-garpyz bilen bagly örän köp zat öwrenipdir. Jeýhunyň iki kenarynda ýaşaýan we bakjaçylyk bilen meşgullanýan tejribeli ekerançylar indi ondan maslahat sorap, gawun-garpyz ýetişdirmegiň netijeli usullaryny özleşdirýärler. Şeýle tejribeli halypalardan tälim alyp, bu gün ussatlyga ýetişen bakjaçylaryň sany Lebap topragynda 100-den hem geçýär. Olaryň arasynda Köýtendag etrabyndan Allanazar Jumaýew, Gurban Mämmetgulyýew, Hojambaz etrabyndan Suwhan Taýyrow, Merdan Taýyrow, Kerki etrabyndan Merdan Allaberdiýew, Eziz Çerkezow ýaly onlarça bakjaçynyň adyny agzamak bolar. Olaryň tagallasy netijesinde, Lebap topragynda bu ýyl hem gawundyr garpyzyň bereketli hasyly ösüp ýetişdi. Iň guwandyryjy ýeri-de, süýji tagamy bilen hemmäni özüne bendi edýän bu behişdi önümler Lebabyň täze özleşdirilýän ýaýlalarynda hem bitýär. Şol ýaýlalara bolsa Amyderýanyň süýji suwy belentlige göterilip eltildi. Amyderýanyň sag kenaryndaky «Ýylgynagyz» baş suw akabasyndaky suw göteriji nasoslaryň täzelenmegi mele suwuň sag kenardaky düzlüge akdyrylmagyna şert döretdi. Bu düzlükde bitýän gülabylar, mähnet ala garpyzlar güýzüň ahyryna çenli bişip, baly goýalýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
“Türkmenistan”.