Bol hasyla garaşylýar

14 Awgust 2024
129

Lebaply ekerançylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şaly ekilen 10 müň 200 gektar meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Etraplaryň ählisinde ekilen şalynyň aglabasy ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşidir.

Darganata etrabynyň daýhanlary hem her ýylda bu azyklyk ekiniň bol hasylyny ýygnap, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu günlerde etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şaly ekinine göwnejaý ideg edýärler. Etrap boýunça şalynyň tutýan meýdany 75 gektar bolsa, şonuň 38 gektary şu daýhan birleşigine degişli bolup durýar. Geçen ýyllarda etrabyň ekerançylary şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny birkemsiz özleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri we ýeňillikleri döredip bermegi olary ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. Şaly hasylynyň döwlet satyn alyş bahasy hem ýokarlandyryldy. Bu bolsa daýhanlaryň şalydan bol hasyl ýygnamak baradaky höweslerine hem höwes goşdy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.