Tehnikalar gözden geçirilýär

14 Awgust 2024
131

Mary welaýatynyň hasyl ussatlary gowaçalara ideg etmegi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirýärler. Olar daýhançylykda toplan baý tejribelerini ylymda gazanylan üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barýarlar. Bu bolsa ekinleriň berekediniň artmagyna getirýär.

Welaýatyň ýer eýeleri ekinlere ideg etmek bilen bir hatarda, ýetip gelýän jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna hem ykjam taýýarlanýarlar. Olar daýhanyň daýanjy bolan «meýdan gämilerine» uly bil baglaýarlar. Şonuň üçin pagta ýygýan kombaýnlary, olary arassalamakda, ýuwmakda ulanylýan «OWH-4» ýuwujy tehnikalary we gaýry serişdeleri birkemsiz gözden geçirýärler. Tehnikalary pagta ýygym möwsümine taýýarlamakda welaýatyň Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten etraplarynda netijeli işler alnyp barylýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).