Bilim — geljegiň açary

6 Awgust 2024
232

Ýaş nesilleriň arzuw-hyýallarynyň, maksatlarynyň myrat tapmaklary, esasan, kämil bilim alyp, hünär öwrenmekleri, ylmyň hem tehnologiýanyň ösdürilmegine öz goşantlaryny goşup bilmek ukyplaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ylym bilen bilim jemgyýetiň ähli gymmatlyklary, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähli ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim — kämilligiň, ösüşleriň, geljegiň açary. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ýaşlaryň bilim almaklary üçin giň şertler döredilýär, bilim ojaklarynda täze hünär ugurlary açylýar.

Ine, häzirki günlerde ýurdumyzda ýokary bilim almagy maksat edinýän ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryny tabşyrýarlar. 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guralýar. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Nesip bolsa, dalaşgärleriň iň zehinlileri, synaglara taýýarlykly gelenleri 2024-nji ýylda talyp diýen buýsançly ada eýe bolarlar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».