Işine ussat kärendeçi

6 Awgust 2024
185

Türkmeniň gaýratly ogul-gyzlary kän. Olar göwün beren işine gül bitirýän ökdelerden. Elleri ezber, bilekleri güýçli, zehini daş ýarýan, maksatlary belent, niýetleri pamyk deýin ak diýilýän ynsanlar olar. Kärendeçi zenan Annajeren Ýazberdiýewany hem, turuwbaşdan, şolaryň biri hökmünde tanapdym. Ikimizem Ahal ýaýlasynda toýlanan ajaýyp baýramlaryň biriniň myhmany bolupdyk. Onuň bilen tanşyp, aýak üstünde söhbetdeş bolanymdan bäri Annajereniň yhlasy, mähri siňen kärende ýerini synlamagyň höwesindedim. Şol göwün arzuwymyň nesibeli güni düýn-öňňine ýazylan eken...

Ak bugdaý etrabynyň «Ýaşyldepe» Geňeşliginde oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk pudaklary boýunça ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanylýar. Elbetde, bu geňeşlikde halk hojalygynyň beýleki ugurlary boýunça-da ýola goýlan işler az däl.

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist. SURATDA: Aýgül Berdiýewa (çepde) we Ýazgül Çaryýewa ýetişen hasyly ýygnaýarlar.