Beýik işler bilime daýanýar

5 Awgust 2024
286

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 31-nji iýulda ýurdumyzyň hünär bilimini berýän okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary başlandy. Meýilnamalara laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

«Nesil».