Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

31 Iýul 2024
215

Behişdi toprak

Tebigat her bir ynsanyň gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak öýüdir. Hut şonuň üçin her birimiz öýümiz hasaplaýan tebigatymyza aýawly garamalydyrys. Ata Watanymyzyň hiç wagt gaýtalanmajak haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olara aýawly çemeleşmek hemişe wajyp meseleligine galýar. Munuň şeýledigine bu derwaýys meselä Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iňňän uly üns berýärler. Şeýlelik bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak bilen bagly möhüm wezipeler öňde goýulýar.