Ganatly zebra balygy

31 Iýul 2024
217

Ýer ýüzünde ganatly zebra balygynyň 170-den gowrak görnüşi bolup, olar öz ölçegleri we reňkleri bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu balygyň hemme görnüşinde-de kükrek ýüzgüçleri bolýar. Ganatly zebra balyklarynyň bedeniniň uzynlygy, ortaça, 30 santimetre barabardyr. Ýöne bu balyklaryň Karib deňzinde duşýanlarynyň bedeniniň uzynlygynyň 55 santimetre ýetýändigi anyklanyldy.

Bu balyklar ýüzgüçleriniň has gowy ösendigi sebäpli uly görünýärler. Onuň ýüzgüçleri guşuň ganatyna meňzeýär. Kellesinde köpsanly iňňe ösüntgileri bolýar. Ganatly zebra balygynyň ullakan gözleri bardyr. Olaryň ýüzgüçleri arkasynda ýerleşip, iki bölege bölünýär. Ýüzgüçleriň öňki bölegindäki ösüntgileri yzky bölegindäki ösüntgilere garanda, uzyn we ýiti bolup, şöhlä meňzeş şekili emele getirýär. Bu ösüntgileriň uçlarynda zäherli mäzler saklanýar. Olaryň jemi 18 sany zäherli ösüntgisi bolup, onuň 13-si arka böleginde, 3-si garnynda, galan 2-si bolsa guýrugyna ýakyn ýerleşendir. Bu ösüntgileriň täsin gurluşy bolup, olar uzaboýuna ýygyrtly bolýar. Bir ösüntgidäki zäheriň mukdary adam üçin howply däldir.

Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.