Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

30 Iýul 2024
1244

Körpelerde düşünjeleri kemala getirmek

Mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Bu döwürde ata-eneleriň terbiýeçiler bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmagy maksadalaýykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary özüniň ähli terbiýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatnamasy esasynda alyp barýarlar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler.