Üstünligiň gözbaşy

14 Iýul 2024
546

Umumybilim berýän mekdeplerimizde perzentlerimize, çagalarymyza sowat, bilim, terbiýe öwretmekde mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler. Munuň üçin mekdeplerimizde ähli mümkinçilikler bar. Döwrüň ösmegi bilen öwredilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek işi möhüm bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler biz — bilim işgärleri üçin iňňän möhümdir. Şeýle resminama boýunça okatmakda innowasion tehnologiýalary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi, elbetde, bilim işgärleriniň işlere täzeçe usullarda çemeleşmelidigini aňladýar. Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi hakynda aýratyn bellemek gerek.

Etrabymyzdaky umumybilim berýän mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri hem ýokary derejede alnyp barylýar. Mekdepleriň synp otaglaryna, diwarlyklara, görkezme esbaplara serenjam berlip, gözden geçirilýär. Kitaphanalaryň üpjünçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Okuw partalarynyň, oturgyçlaryň abatlygy gözden geçirilýär. Daşary ýurt dillerini öwretmek üçin niýetlenen synp we kompýuter otaglaryndaky tehnologiýalaryň saz we bökdençsiz işlemegi üçin barlag işlerini hem ünsden düşürmeýäris. Ýeňil abatlaýyş işleri etrabymyzyň mekdepleriniň 43-sinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 23-sinde talabalaýyk alnyp barylýar.

Guwanç ŞYHLYÝEW,
Gökdepe etrap bilim bölüminiň müdiri.