Döwrebap bilimiň kämil ýollary

14 Iýul 2024
609

Ylym-bilim ynsan ömrüniň iň gymmatly hazynasydyr. Bilimi bar adamyň ruhy dünýäsi baýdyr. Alymlardan maslahat sorasaň, olar seni dogry ýola gönükdirer. Durmuşda okamak, bilimli bolmak we öz hünäriň ussady bolmak üçin niçeme ýol hem-de zähmet gerek. Kämil şahsyýet bolup ýetişmek üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähli mümkinçilikler bar. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýan kämil bilim-terbiýe usullary orta mekdeplerde hem dowam etdirilýär. Häzirki wagtda diňe umumybilim berýän mekdeplerde däl, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem gurnaklar döredildi. Munuň özi körpe nesilleri mekdebe taýýarlamagyň, ilkinji ukyplary açmagyň esasy basgançaklary bolup durýar. Eýýäm dört ýaşly çaga özbaşdak pikirlenip, kagyzlaryň we oýnawaçlaryň üsti bilen şekil döretmegi başarýar. Çaga özüniň düşünjesini orta mekdepde alýan bilimleriniň netijesinde kämilleşdirýär.

Her bir ynsan bilim bilen barha kämilleşýär. Her döwre mahsus bolan ylmyň, bilimiň öwreniş usullary, ugurlary bolýar. Ajaýyp döwrümizde her bir raýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sowat, bilim, terbiýe öwrenmäge doly mümkinçiligi bar. Bu ýagdaýyň geljekde has hem kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol maksat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler bilim işgärleri üçin iňňän möhüm bolup durýar. Bu möhüm wezipeleri umumybilim berýän orta mekdepleri bilen birlikde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ornaşdyrmak işi degişli hünärmenler tarapyndan ýokary guramaçylyga eýe bolup durýar. Has takygy, bu möhüm wezipäni wagyz etmek, bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlere düşündirmek, täzeçe usullar bilen işlemek we mekdepler bilen utgaşykly iş alyp barmak ugrunda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň hünärmenleri meýilnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Kabul edilen Konsepsiýa boýunça öňde goýlan möhüm wezipäni ýerine ýetirmek babatynda we bu resminamanyň ähmiýetini düşündirmekde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri Ogulmaral Matalowa bilen söhbetdeş bolup, beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

Söhbetdeşligi taýýarlan Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».