Röwşen geljegimiziň şuglasy

9 Iýul 2024
580

Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlara uly ynam bildirilýär, okamaga, döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär.

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Onda ýaşlar baradaky aladalaryň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan talaplary, borçlary we islegleri dolulygyna kanagatlandyrylýar.

Bilbil AGAJANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň Mary welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.