«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024
XXI asyrda adamzat ýaşaýşynyň köptaraplaýyn ösüşinde iň köp ulanylýan sözleriň biri «dizaýn» sözi bolup durýar. Onuň sebäbi ýaşaýşyň hemme görnüşinde: isle, durmuşda ulanylýan iň ýönekeý zatlardan başlap, daşky gurşawda, adamzadyň iş ýerinde, öýde hemmetaraplaýyn gurşap alýan zatlar önümçilikde öndürilen ýokary hilli dizaýn önümleri bolup durýar. Häzirki zaman ylmynda «dizaýn» sözi iňlis dilinden terjime edilende «taslama» ýa-da «taslamalaşdyrmak» diýen manylary aňladýar. Mälim bolşy ýaly, iňlis dilinde bu söz hem at, hem işlik hökmünde ulanylýar. Şol esasda hem, ol bir diýende hem başlamagy, hem-de tamamlamagy, işiň dowamlylygyny we ahyrky önümi aňladýar.