Döredijilikli pikir

11 Iýun 2024
556

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda zehinli, ylma, çeper döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, höweslendirmek bilen bagly möhüm wezipelere aýratyn üns çekýär. Bilim ulgamynyň ösüşiniň häzirki döwründe ýaş nesliň alýan bilimleriniň gymmaty täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Häzirki zaman jemgyýeti ylmy we tehniki maglumatlaryň çalt akymyny özbaşdak dolandyryp bilýän, tankydy pikirlenip, öz garaýyşlaryny ösdürip we gorap bilýän döredijilikli hünärmenleri talap edýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek meselesi jemgyýetiň umumy wezipesi, şol bir wagtyň özünde-de talaby bolup durýar. Ýaşlaryň esasy ünslerini alýan bilimlerini akyl işjeňligini guramak arkaly özleşdirmekleri barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, ýaşlarda döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmegiň zerurlygyny görkezýär.

Döredijilikli pikirlenmek — köpugurly we täzeçil, özboluşly çözgütleri tapmak üçin kesgitlenen çäklerden çykyp, innowasion, öňkülere meňzemeýän, parhly nukdaýnazardan garamak usullary bilen pikirlenmek ukybydyr. Döredijilikli pikirlenmek adamy dürli ugurdan baş çykarýan, wakalara, meselelere täzeçil garamagy başarýan, özboluşly çözgütleri tapmaga ukyply edýär, degişme duýgusyny, aragatnaşyk endiklerini, gapma-garşylyklary netijeli çözmek başarnygyny ösdürýär. Döredijilikli pikirlenmegi ösdürmek diýmek — akyl amallaryny, ýagny, seljermek, derňemek, deňeşdirmek, derejelere aýyrmak, meýilnamalaşdyrmak, abstraksiýalaşdyrmak ukyplaryny gowulandyrmak, tankydy garaýşy, çeýe, giňişleýin, çuňňur, tiz, köptaraplaýyn pikirleniş ukybyny ösdürmek, hyýalyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, dürli mazmunly bilimlere eýe bolmak başarnygy diýmekdir. Onuň ösdürilmegi ýaşlarda başarnyk, duýgudaşlyk, aragatnaşygy guramak, hünär işlerinde ýüze çykyp biläýjek gapma-garşylykly ýagdaýlary ýitgisiz çözmek, üýtgeýän şertlere tiz uýgunlaşmak we belli bir durmuş ýa-da hünär ýagdaýlaryndan netijeli çykalga tapmak ýaly ukyplary ösdürmäge mümkinçilik berýär.