Myhmanlara söz berýäris:

5 Iýun 2024
468

Feliks WELLNITS,
Germaniýa Federatiw Respublikasy, Berlin amaly ylymlar uniwersitetiniň binagärik we gurluşyk tehnologiýasy fakultetiniň dekany, tehniki ylymlaryň doktory, professor:

— Men Türkmenistana ilkinji gezek gelýärin. Bu ýurt barada öň hem onlaýn duşuşyklara gatnaşyp, birnäçe zatlary öwrenipdim, emma ýurdy gözüň bilen görmek diýseň başgaça. Ak mermeli binalar, täsin binagärlik gurluş uly ussatlygy talap edýär. myhmansöýer türkmen halky bizi duz-çörekli garşy aldylar. Şäheriň iň gözel ýerlerine syýahat has-da ýatda galyjy boldy. Türkmenistanyň paýtagt şäheri Aşgabadyň we onuň birnäçe binalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girendigini biz bilýäris. Bu binalary gözüň bilen görmek has hem ýakymly.