Ýazky möwsümdäki sazlaşykly işler

1 Maý 2024
403

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň sähra ýaly giň göwünli, halal zähmete berlen ýaşaýjylary oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde, olardan bol hasyl almakda, maldarçylygy ösdürmekde köplere görelde bolýar. Etrabyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde 21 müň 200 gektar meýdana tohum sepdiler. Şonuň 4 müň 390 gektary Üçdepe ýaýlasynda ekildi. Ekiş geçirilen meýdanlarda doly gögeriş alan gallaçylar şu ýyl etrap boýunça 44 müň 400 tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Häzirki wagtda daýhanlar ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edip, suw tutmak, dökün bermek ýaly gaýragoýulmasyz işleri geçirýärler. Ekinlere dökün bermekde etrap boýunça döwrebap tehnikalaryň 18-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. «Garagum kanaly», «Baýramaly» daýhan birleşikleriniň gallaçylary bolsa bu işde has-da tapawutlanýarlar. Netijede, etrapda bugdaýly meýdanlar bereketli hasyl toplaýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).