Dalaşgär — 2024: geljegiň binýady şu günden tutulýar
Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz agzalan Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmek babatda görlen taýýarlyk, bu ugurda alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylynda boljak üýtgeşmeler bilen gyzyklanyp, gazetimiziň habarçysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Berdinazar HAŞYROW bilen söhbetdeş boldy. — Ilki bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine