Ýakymly täsirleri döretdi

16 Iýul 2024
575

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda täsirli çäreler yzygiderli guralýar. «Bilimli nesil — ýurduň ýagty geljegi» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlikde kitaphana işgärleriniň çykyşlaryna giň gerim berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, kadaly dynç almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Onuň barşynda çagalara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport bilen meşgullanmak hakynda gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Gunçagül HÖMMIÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar