Çagalaryň zehinini ösdürmek
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Öňdebaryjy usullar yzygiderli ornaşdyrylyp, ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesine esaslanyp, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleri hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy binýatlarynyň biri bolup durýar. Bu ders bäsleşikleri zehinli ýaşlaryň belli bir ugurda bilim derejelerini çuňlaşdyrmaga, okuwa bolan höweslerini artdyrmaga ýardam berýär. Dersler boýunça bäsleşikler okuwçynyň diňe bir bilim ulgamynda ýeten üstünliklerini däl-de, eýsem, olaryň öz ukyp we başarnyklaryndan döredijilikli peýdalanyp bilmek derejelerini, şeýle hem adaty däl we ýokary çylşyrymlylykda bolan meseleleriň çözgüdini tapyp bilmek aýratynlyklaryny-da ýüze çykarýar. Ders bäsleşigine taýýarlyk zehinli okuwçynyň halypasy bolan mugallymyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Okuwçynyň ders bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy ýolbaşçy mugallymyň öz käriniň ussadydygynyň hem aýdyň subutnamasy bolup durýar.