Dil baýlygy — il baýlygy
Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-usuly we ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek bilen bagly işler barada hem hasabat berildi. Internetiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň barha ösýän döwründe dörediljek täze elektron neşirler hem ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini, türkmen ylmynyň nazarlaýan belent sepgitlerini, bu ugurda gazanylanlary, şol sanda ýaş alymlarymyzyň üstünliklerini, täzeçil pikir-garaýyşlaryny ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam eder. Şol neşirleriň biri-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dörediljek «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly žurnaldyr. Bu žurnal çärýekde bir gezek, elektron görnüşde, türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetiriler. Bu elektron žurnalda ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň, talyplaryň filologiýanyň nazary-amaly meselelerine, dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine, terjimeçilik işlerine bagyşlanan makalalary ýerleşdiriler. Munuň özi tejribeleri paýlaşmaga, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işlerin