Döwrebap özgertmeler
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym we bilim ulgamlarynda möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy mundan buýana hem ösdürmekde ylym-bilim ulgamlaryna jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde wajyp orun degişlidir. Ylym jemgyýetiň ösüşinde hereketlendiriji güýçdür. Ylym-bilimi döwrebap ösdürmek bilen bir hatarda jemgyýetimiziň we döwletimiziň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek esasy ugurlaryň biridir. Bilim özgertmeleriniň barşynda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite hünär we ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim-terbiýeçilik edaralaryny döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman okuw-usuly enjamlary bilen üpjün etmek wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk getirilmegi babatdaky wezipeleriň amal edilmegine gönükdirilen mümkinçilikleri has-da artdyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bilim ulgamyny ösdürmegiň has belent tapgyryna gadam basdy we «Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudagyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Bilim ulgamynyň ähli düzümlerinde okatmagyň we işleri alyp barmagyň sanly serişdelerini ornaşdyrmak