"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gün planetalary nädip saklaýar?

Gün ulgamyndaky ähli planetalar we beýleki asman jisimleri millionlarça ýyldan bäri şol bir orbitada — hemişeki geçýän ýoly bilen aýlanýar. Asman jisimleriniň sekunt derejesinde hem ýalňyşman amala aşyrýan bu takyk hereketi alymlary köp ýyllardan bäri gyzyklandyrýar. Planetalaryň köpüsiniň dürli ululykdaky meteoridlerden, gazdyr bulutdan emele gelendigine garamazdan, şol bir orbitada aýlanmagy has hem haýran galdyryjy ýagdaýdyr. Planetalaryň ählisi Günüň daşyndan tes-tegelek aýlaw etmän, ekliptika, ýagny çalarak süýnmek görnüşinde hereket edýär. Şeýlelikde, planetalaryň Gün bilen aralygy belli wagtlarda üýtgäp durýar. Günüň emele getirýän magnit meýdany olary özünden uzaklaşdyrman, belli aralykda saklaýar. Aýlaw edýän planetalaryň orbitasy hiç haçan üýtgemeýär. Güne iň golaý ýerleşýän Merkuriden iň uzakdaky Neptuna çenli ähli planetalar bir-biriniň golaýyndan geçende ýoluny üýtgetmeýär.

Ylym giňişliginde ýaşlaryň orny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen ýaşlarynyň netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýip belleýär. Milli Liderimiziň ýaş alymlary goldamak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Hyýal ylymdan güýç alanda

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw toplumynda paýtagtly mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi we bäsleşigiň deslapky tapgyrynda 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orny eýelän okuwçylar bäsleşdiler.

Ylma baglanan ykbal

Myrat Haitow 150-den gowrak ylmy işleriň, monografiýalaryň, kitapçalaryň, okuw gollanmalaryň, ylmy makalalaryň awtorydyr. Onuň işleri diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da dürli dillerde çap edildi. Şeýle hem, ol «Rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlüginiň» awtorlarynyň biridir. Myrat Haitowyň ylma tarap ilkinji ädimleri Magtymguly (ozalky M.Gorkiý) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetiniň «Hukuk öwreniş» hünäriniň talyplygyndan başlanýar. Ol 1974-nji ýylda ady agzalan ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, şol uniwersitetiň hukuk fakultetiniň «Raýat hukugy we raýat iş ýöredişi» kafedrasynyň mugallymy bolup zähmet ýoluna gadam basýar. 1978 — 1981-nji ýyllarda Magtymguly (ozalky M.Gorkiý) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty bolýar we Özbegistanyň Daşkent döwlet uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, «Ýuridiki ylymlarynyň kandidaty» diýen ylmy derejäni alýar. Ýaş alym 1984-nji ýylda Bolgariýanyň Sofiýa uniwersitetinde konstitusiýa hukugy boýunça öwreniji-hünärmen bolup, hünär derejesini ýokarlandyrýar.

Öwrenjegiň çynyň bolsa...

Ir döwürlerde Bahaweddin Nagyşbendiniň ýanyna şägirtlige höwesek ýaşlar örän köp gelipdir. Olaryň ählisiniň maksady ussadyň şägirdi bolmak, edep-terbiýe, ylym-bilim almak bolupdyr. Nagyşbendi şägirtlige gelen her bir dalaşgärden ylym-bilim almazdan ozal, haýsy hünäriň hötdesinden gelýändigini soraýan eken. «Haýsy hünärden başyň çykýar?», «Nähili işleri başarýaň?» diýen mazmunly sowallara jogap bermek şägirtlige kabul edilmegiň ilkinji şertleri eken. Ol islendik bir hünärden başy çykýan dalaşgärleri şägirtlige kabul edipdir. Hiç bir zähmet görmedik dalaşgärlere bolsa: «Ylym öwrenjekligiň çynyň bolsa, bar bir hünär öwren. Zähmetiň tagamyny datmadyk, ylmyň hötdesinden gelmez. Her kim ylma taýýarlykly gelmelidir, ylymda üstünlik gazanmak üçin halal zähmet ähli zatdan ähmiýetlidir» diýip, yzyna ugradar eken. ***

Ylym we amal

Gadymy döwürde ýaşap geçen akyldarlaryň ýazgylarynda bellenilişine görä, ylmyň başy dymmakdyr, soň diňlemekdir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýratmakdyr. Kim öwrense, öwrenen zadyna amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr. Günüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir. Onuň mysaly hoşboý ysly müşk ýalydyr. Müşküň özüniň hoşboý ysy bar we ol özgelere-de ýakymly ys ýaýradýar. Öz ylmyndan özi peýdalanman, başga kişiler peýdalanan kişi barada şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr: Ol kişiniň mysaly göýä bir şem ýalydyr,Özgä berer ýagtysyn, ýanmak oň ykbalydyr.

Aşgabatda Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda milli-medeni mirasy öwrenmäge, halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen iri halkara maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Ynha, 14-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly utgaşdyrylan görnüşde geçirilen maslahat munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň abraýly ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Munuň özi bu geçirilen halkara maslahatyň dünýäniň ençeme ýurtlarynyň taryhçylarynda uly gyzyklanma döredendiginiň subutnamasydyr. Çünki türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde öçmejek yz goýan Beýik Seljuklar döwleti, şol sanda, onuň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň taryhy elmydama dünýä derejesinde ünsi özüne çekýär. Sebäbi bu beýik döwlet öz döwründe bütin dünýäde adamzat medeniýetiniň gülläp ösmegine saldamly goşa

Döwrebap oýlap tapyşlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda daşary ýurt maýalaryny işjeň çekýän häzirki zaman kuwwatly himiýa senagaty döredildi. Dünýä hojalygynda ornuny berkidýän bu senagatyň dag magdan baýlaşdyryjy toplumynyň, ýod kärhanalarynyň, karbamid, azot, kaustik soda, sement zawodlarynyň öndürýän önümleri içerki talaplary doly ödäp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Munuň bilen çäklenilmän, bu önümler dünýä bazarlaryna uly möçberde eksport edilýär. Häzirki döwürde kuwwatly ösdürilýän himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalary innowasion tehnologiýalarda, ylmy esasda, milli we dünýä tejribesini utgaşykly ulanmakda döwrebaplaşdyrylýar hem-de dürli minerallardan täze önümler alynýar. Ýokary depginli ösüş, esasan, ylmyň gazananlaryna daýanýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 16-njy oktýabrynda kabul eden Karary bilen «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» herekete girizildi. Onuň çäklerinde türkmen alymlary himiýa senagatyny ösdürmek ugrunda täze tehnologiýalary döredýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar. Şu ugurda önjeýli işleýän ýaş alymlaryň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologik taslama we kadalaşdyryjy resminamalar bölüminiň müdiri Esger Annahanowdyr.

Akyllyjanyň «Altyn balyjagy»

Ylym ummanynyň gözýetmez giňişliginiň dartyş güýjüni fizikanyň kada-kanunlary bilen ölçerip dökmek asla mümkin däl. Ol dartyş güýjüni diňe dogabitdi zehin bilen ukyp-yhlasyň sazlaşygyndaky kanunalaýyklyk hökmünde aňladyp bolar. Diňe şeýle sazlaşygyň eýesi bolan zehin ylym ummanynyň äpet-äpet gomlarynyň arasynda gaýa-tupana özüni aldyrman erkin kürekläp bilýär. Biziň gahrymanymyz hem ylym ummanynyň şol gözýetmez giňişliginde ýadaman-ýaltanman kürek urup, sekiz onlugy tegeledi. Ol şindem ylym ummanynyň «altyn balyjagyny» yzarlap, dünýä akyl ýetirmegiň çuňluklaryna tarap gidip otyr. Ylmyň aňyrsyna çykyp bolmaýşy ýaly, oňa teşneligiň hem soňy ýok. Könelerimiz «Atasyz — ýesir, enesiz — ýetim» diýip hak aýdypdyrlar. Iki aýlyk bäbejikkä atasyz, iki ýaşly çagajykka enesiz galan oglanjyk entek aga-gara düşünip ýetişmänkä agyr günleriň girdabyna sezewar boldy. Keselbent çagajygyň dadyna entegem dogan-garyndaşlary ýetişdi. Ýöne barybir ol ataly-eneli çagalygyň bagtly günleriniň şaýady bolup biljek däldi. Agyr urşuň ýeter-ýetmezçilikli günleri ähli maşgalalary hem holtumyna dolap alypdy. Zagara nan bilen ýuwa-ýelmikli hörek hem her kime ýetdirip duranokdy. «Adam başy — daşdan gaty» diýleni. Herhal dogan dogany, goňşy goňşyny goldaşyp, ol gabahat ýyllaram yzda galdy. Biziň gahrymanymyz hem indi «Tur-otur, kersen getire» ýaran, ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglandy. Ejizjedi, çepiksijedi. Obanyň ý

Zemzem suwy

Zemzem suwy öz taryhy boýunça iň mukaddes melhem suw hasaplanylýar. Haj parzyny berjaý edýän musulman doganlarymyz bu mukaddes suwuň gudraty barada şeýle gürrüň berýärler. Bu suw zemzem guýusynyň diwarynyň sag we çep tarapyndaky iki deşikden gelýär, emma onuň aňyrsynyň çägi ýok, has dogrusy, suw näçe alynsa-da, yzy kesilenok. Guýy hiç wagt heňlänok. Zyýarata gelýänler bu suwa öz arzuw-isleglerini aýdyp, teňňe oklaýarlar. Her ýylyň Meret aýynyň 15-ine bolsa suw daşyp, guýy öz-özüni arassalaýar.

Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda zehinli ýaşlarymyzyň ylym-bilim dünýäsinde öz başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň ylmy mümkinçiliklerini artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine doly mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Goşa baýram mynasybetli ähli ulgamlarda dabaraly çäreler geçirilýär, sergiler guralýar. Şeýle baýramçylyk dabaralarynyň biri hem öňňin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly ylmy-taslama işleriniň sergisidir.

Kitap — ylmyň açary

Welaýat kitaphanasynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşik ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmagy, olara kitaphana işinde täze, döwrebap usullaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny we kitaphana hyzmatynyň medeniýetiniň kämilleşdirilişini düşündirmegi maksat edindi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň ilkinji tapgyryna orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ikinji tapgyryna talyplar, üçünji tapgyryna bolsa edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşik bäş şertden ybarat bolup, oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri esasynda taýýarlanylan sowallara jogap berdiler. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky goşgularyndan birini ýatdan aýtdylar we onuň manysyny düşündirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky rowaýatlardan gürrüň berdiler. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky nakyllaryň manysyny düşündirdiler hem-de nusgawy şahyrlaryň goşgularyny ýatdan aýtmakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Türkmen talyplarynyň üstünligi

Türkmenistanda milli ylym, bilim ulgamyny ösdürmek we ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muňa türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda geçirilýän halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklary hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersiteti tarapyndan guralan Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasyna gatnaşdylar. Oňa institutyň talyplarynyň 8-si wekilçilik etdi. Onlaýn görnüşde geçirilen we 4 sagatlap dowam eden bäsleşikde institutyň matematika hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Göwher Şükürowa, Haýdar Babanyýazow hem-de 4-nji ýyl talyplary Diýar Meredow, Gözel Mamedowa dagy üstünlikli çykyş edip, ikinji orna mynasyp boldular. Dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 40-syndan jemi 350-den gowrak talyp gatnaşan bäsleşikde ikinji orny eýelemek, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýylboýy çeken zähmetiniň miwesidir. Zehinli talyplary institutyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Şiraly Baýekow taýynlady.

Innowasiýalar — önümçilige

Düýn «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat we onuň bilen ugurdaş Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde guralan ylmy sergi öz işini dowam etdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda «Innowasion ykdysadyýet — ösüşleriň gözbaşy», Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti», Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk» atly bölümlerde ýurdumyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny hakynda giňişleýin pikir alşyldy.

Ylmy tejribelere daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň özgerdilip guralmagy, Tehnoparkyň gurlup ulanylmaga berilmegi, talyp ýaşlaryň ýokary okuw mekdeplerinde alýan bilimleri bilen bir hatarda, ylmy işlere çekilmegi bu ugurda örän möhüm işler boldy. Talyp ýaşlaryň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda gurlan tejribehanalarda tejribe işlerini alyp barmaklary okuw-terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzda ylma, bilime giň ýol açylýandygynyň aýdyň alamatlarynyň biri-de ylmy we tejribe işleriniň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylýandygydyr. Häzirki döwürde talyp ýaşlarymyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen alnyp barylýan şähergurluşyk taslamalaryna, elektrik energiýasyny almagyň tebigy çeşmelerini ulanmagyň usullaryna bagyşlanan ylmy işlere, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmäge bagyşlanan tohumçylyk-nahalhana işlerine öz işläp-taýýarlamalary bilen işjeň gatnaşýarlar.

Innowasiýalar döwletiň gülläp ösüşiniň esasydyr

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär AŞGABAT, 3-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Halkara maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Huang LING,Hytaý Halk Respublikasynyň Sinýang uniwersitetiniň professory: — Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara maslahatdaky çykyşym skandiý esasly lýuminessent materiallary almagyň tehnologiýasy hakynda. Bu element metallurgiýada, mikroelektronikada, ýagtylyk çeşmesi hökmünde, ýadro energetikasynda, lukmançylykda, lazer materiallarynda, Gün batareýalarynyň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Ylymlaryň gadymy mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işiniň kämil derejede ýola goýulmagy üçin möhüm ähmiýetli tutumly işler üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Dünýäniň ösen döwletleriniň taryhyna ser salanyňda hem olaryň şeýle derejä ýetmeginde döwrüň orta çykaran görnükli döwlet ýolbaşçylarynyň çuň paýhasa, ylma ýugrulan syýasatlarynyň sebäp bolandygyna göz ýetireniňde, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyň artýar. Pederlerimiz hem ylym-bilim hakynda birgiden gyzyldan gymmatly pähimleri mundan ençeme asyrlar öň döredipdirler. «Bilene — hikmet, bilmedige — rowaýat», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly ençeme nakyllaryň döremegine taryhy döwürleriň durmuş hadysalarynyň sebäp bolandygy hemmämize mälimdir. Türkmeniň keramatly topragy taryhyň dürli döwürlerinde hem ylmyň pajarlap ösen zamanlaryny ýaşaýşa ençeme gezek peşgeş edip, dünýä siwilizasiýasynyň senenamasynda öçmejek ýazgy galdyran mekan. Häzirki wagtda parahatçylygyň we ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň, ajaýyp ösüşleriň sebiti hökmünde giňden tanalýan Diýarymyz alymlaryň we ylymlaryň gadymy mekanydyr. Bu toprakda Orta asyrlarda hem Gündogaryň görnükli alymlary – Muhammet al Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Nyzamyl Mülk, Abu Reýhan Biruny, Al Jürjany, As Sama

Eziz Watanymyzyň ylym-bilim merkezi

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň 25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary bilen bir günde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Aşgabadyň ähli ösüşleri Diýarymyzyň ylym-bilim babatda ýeten derejesi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde ak mermerli binalaryň iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginiň onuň şan-şöhratyny jahana ýaýradandygyny ýatlap geçmek ýakymlydyr. Aşgabat — Aziýanyň merjen şäheri, ýurdumyzyň ylym-bilim merkezi. Ykbaly göterilýän, jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý, ylmy-innowasion tehnologiýalar babatda halkara derejesinde maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabat tutuş ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriniň ýüzi, aýnasy hökmünde sebitiň iň gözel şäherleriniň biridir. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi dünýä arhitekturasynyň ajaýyp sungatynda we milli tejribede düýpgöter özgerdildi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynda onuň daşky keşbiniň gymmatlyklary içki many-mazmun bilen sazlaşykly goşulyşýar. Munuň şeýle bolmagynyň düýp sebäbini şäheriň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has oňatlaşandygy bilen düşündirip bileris.

Milli gymmatlyklara daýanyp

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýaş nesliň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz özüniň şöhratly taryhynda hem terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap gelýär. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar. Ahlak medeniýeti bolsa jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz düzüminiň bir bölegidir. Ahlak adamyň özüni alyp barşyny, gylyk-häsiýetini kesgitleýän düzgünlerdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmen halky üçin ata Watan hemme zatdan eziz hem mukaddesdir. Ata-babalarymyzyň ündeýişleri ýaly, edebiň ýagşysy Watany söýmekdir. Watan türkmen halkynyň ýüreginiň bir bölegidir. Türkmen özüniň Watana dahyllydygyny, oňa gerekdigini, zerurdygyny kalby, onki süňňi bilen duýanda, özüni bagtly hasaplaýar. Watany söýmek, Watanyň mukaddesligine uýmak, Watana sygynmak türkmeniň ata-baba aňyrdan gelýän gadymy hem müdimi dessury, mizemez milli ynanjydyr.