"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşpez — hormatly hem jogapkärçilikli hünär

Her bir hünäriň öz aýratynlygy, inçe syrlary, hökmany suratda biläýmeli tärleri, usullary, şol hünäre mahsus özboluşlylygy bolýar. Aşpezlik päkizeligi, sabyrlylygy talap edýän hünärleriň biri. «Aşpezlik sungaty» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Milli hem-de dünýä halklarynyň datly tagamlaryndan doly desterhany göreniňde, şähdiň açylýar, gözüň dokunýar. Saçagy gelşikli bezemek medeniýeti, ünsi, şol ugra degişli bilim-başarnygy talap edýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde myhmançylykda bolanymyzda, bu hünär mekdebinde işleriň talabalaýyk guralandygyna, talyplara aşpezlik hünäri boýunça kärine yhlasly mugallymlaryň bilim we terbiýe berýändiklerine göz ýetirdik.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

«7/24. tm», № 08 (143), 20.02.2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylmyň ähli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary ýetişdirmek ýurdumyzda esasy üns berilýän meseleleriň biri bolup durýar. Munuň şeýledigi 2023-nji ýylyň şygaryndan hem mälimdir.

«Ooho» — iýilýän suw şarjagazlary

«Plastiki galyndylar» diýlende, esasan hem, plastikden ýasalan suw we beýleki gaplar göz öňünde tutulýar. Eýýäm suwotulardan biodegrirlenip bilýän suw gaplary we süýtden dargamaga ukyply bolan gaplar oýlanyp tapyldy. Emma «Skipping Rocks» tejribehanasyndaky höwesjeňler bir ädim öňe gitmek bilen, iýilýän suw gabyny döretdiler. Has dogrusy, iýmek arkaly ondaky suwy içmek bolýar. «Ooho» diýlip atlandyrylýan täze önüm, agyz suwuny öz içine alýan ýumşak gabykdyr. Bu gabyk goňur suwotularyň buglanyp goýaldylan maddasyndan ýasalmak bilen, ol 100 göterim tebigydyr. «Ooho» şarjagazynyň gabygy dişlenýär we suw içilýär. Ulanyşdan soňra gabyk islendik zibilhana zyňlyp hem bilner. Çünki ol 4 hepdäniň dowamynda doly dargamaga ukyplydyr. «Ooho» iýilýän suw şarjagazlarynyň meşhur bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Häzirki günlerde oňa birnäçe iri maýadarlar serişde goýmaga taýýardygyny aýdýarlar.

Guýulary abatlamagyň ähmiýetliligi

Nebitgaz senagatynyň ösüşinde nebiti, gazy çykarmagy köpeltmegiň esasy ugurlary netijeli, döwrebap täzelikleri ornaşdyrmakdan, öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen, ulanyş guýularynyň fonduny saklamakdan, düýpli abatlaýyş işleri netijesinde guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de hereketsiz guýulary we täze gazylan guýulary ulanyşa goýbermegiň hasabyna olaryň hereket edýän fonduny artdyrmakdan ybaratdyr. Ylaýta-da ulanyş guýularyny abatlamagyň dowamlylygyny tizleşdirmek we harç edilýän çykdajylary azaltmak esasy meseleleriň biridir. Nebitiň we gazyň çykarylyşynda guýynyň bökdençsiz işlemeginde abatlama gullugynyň ähmiýeti uludyr. Nebit, gaz we suw gysyp ýygnaýjy guýular nebit senagatynyň esasy maýasynyň (fondunyň) möhüm bölegidir.

Kämil bilimli ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljeginiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, röwşen geljegimizdir. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek ýaly möhüm ugurlar hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedir. Arkadagly Serdarymyz öz çykyşlarynda häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýändigini nygtaýar. Ozaly bilen, her bir ýurduň ösüşi ýaşlara berilýän bilimiň hili, derejesi bilen gazanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli bilim ulgamy ösdürilýär, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

TÜRKMEN BUÝANY – YLYM DÜNÝÄSINIŇ NAZARYNDA

Türkmenistanly ýaş alym ilkinjileriň biri bolup, buýandan arassa glisirrizin turşusyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Dünýäni özgertjek täzelikler

Ýerasty gatlaklaryň synagy

Nebit, gaz maksatly gözleg-barlag guýularyň gazylmagynyň has wajyp we jogapkärli tapgyry guýularda önümli gatlaklary açmak we synag etmek bolup durýar. Gatlaklaryň synagy — gatlagyň esasy gidrodinamiki ölçeglerini: önümliliginiň koeffisiýentlerini, syzdyryjylygyny, pýezogeçirijiligini (basyş geçirijiligi), ýagny gurşawyň basyşy geçirme ukyplylygy, suwgeçirijiligi we başgalary hasaplamak üçin zerur gerek bolan, ýerasty gorizontlary açmak, akymyň gelmegini çagyrmak, gatlagyň doýgunlygynyň (nebit, suw, gaz, bilelikdäki doýgunlyk) häsiýetine baha bermek, gözegçilik üçin nusga hem-de gatlak suwuklygyny we gazyň nusgalaryny almak, çykymyny kesgitlemek, gatlak basyşyny, temperaturasyny ölçemek we beýleki görkezijiler boýunça guýuda geçirilýän işleriň toplumydyr.

Sanly bilim ulgamy – kämilligiň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdal

Dil hazynasynyň göwheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa, hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýip parasatly belläp geçmeginden ugur alyp ýurdumyzda gadymy eserler alymlarymyza ene dilimiziň geçmiş taryhyny, onda ýüze çykan özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde, çeperçilik taýdan ýokary hilli eserler döretmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň diwany”) atly meşhur eseri häzirki döwürde içgin öwrenilýär. Dil hazynasynyň göwheri has

Gatlagy gidrawlik böwüsmek

Gatlagy gidrawlik böwüsmek kollektorda gatlaga şepbeşikli suwuklygy ýokary basyş bilen goýbermek arkaly kese we dik jaýryklaryň toparyny döretmekden ybaratdyr. Jaýryklaryň emele gelmegi we ösmegi gatlak kesiminiň meýdanynyň ulalyp başlamagyna getirýär. Suwuklyk gatlaga akyp geçmek bilen bar bolan jaýryklary giňeldýär we täze jaýryklary döredýär. Emele gelen jaýryklaryň gysylyşmagyna ýol bermezlik üçin işçi suwuklyga onuň bilen jaýryga goýberilýän berkidiji agent (proppant) goşulýar. Proppant (gatlagyň gidrawlik jaýrygy üçin suwuklyk) aralaşan ýerinde galýar we önüm çykarylýan ähli döwrüň dowamynda kollektoryň akyş zolagyny ulaldýan geçiriji kanaly saklamak bilen, jaýrygyň ýapylmagyna ýol bermeýär. Guýularyň geofiziki barlaglary ornaşdyrylan pursadyndan başlap, guýynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň esasy inženerçilik gurallarynyň biri bolup durýar. Şu aşakdakylaryň hasabyna görä netije gazanylýar:

Tebigy gaz hakynda

— Tebigy gazyň tagamy, reňki, ysy ýok. Ol ýakymsyz ysyny odorin goşulandan soň alýar. Odorin adamlaryň gazyň syzdyrýandygyny anyklamagy üçin ýörite goşulýar. — Şahtalaryň işçilerine haýsy guşuň kömek edendigini bilýäňizmi? Sarybilbiller howadaky metanyň möçberine örän duýgurdyr. Guşlaryň bu üýtgeşikligini şahta işgärleri ulanypdyrlar. Her sapar ýeriň aşagyna düşenlerinde, olar ýanlary bilen ketekde sarybilbilleri alypdyrlar. Eger-de guşuň sesi birnäçe wagtlap eşidilmese, onda howada metanyň möçberiniň öte kändigini aňladýar.

Alym-akademik, çagalar şahyry we terjimeçi

Soner SAGLAM,dosent, doktor (Türkiýe) Özüniň ylmy işleriniň hemmesini diýen ýaly türkmen şahyrlarydyr ýazyjylary bilen, olaryň döreden eserleriniň kämil nusgalary bilen türk okyjylaryny tanyşdyrmaga bagyşlan, Türkiýäniň Pamukkale uniwersitetiniň dosenti, ylymlaryň doktory Soner Saglam beýik Magtymgulynyň eserleriniň tankydy teksti hakynda 2013-nji ýylda çap edilen makalasyndan başlap, tä golaýda okyjylara gowşan «Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty» atly türk dilindäki kitaba girizilen makalalaryna çenli başda saýlap alan ylym ugruna wepaly bolup gelýär. Onuň 2020-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistan Çocuk Edebiyatı (Dönemler-Temsilcileri-Türler)» atly möçberi 474 sahypalyk kitaby bolsa tutuşlygyna türkmen çagalar edebiýaty baradadyr. Türk alymy, dosent, doktor Soner Saglamyň türkmen alymyna, şahyryna we onuň terjimesine bagyşlan bir makalasyny türkçeden türkmençä geçirip, hormatly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Ylym-bilim pudagynyň ösmegi ynamly geljege tarap aýdyň ýoldur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Mälim bolşy, ýaly türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris” – diýen söz

Bäsleşige taýýarlykly barýarys

Şu gün biziň orta hünär okuw mekdebimizde mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda talyplary ylmy gözleglere giňden çekmek, olary öňde durýan ders bäsleşiklerine göreldeli taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz aladalary edýär. Şeýle aladalardan ruhlanyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde netijeli işler alnyp barylýar. Edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine talyplarymyzyň ders bäsleşiklerinde şowly çykyş edýändikleri hem ynandyryjylykly subutnamadyr. Geçen ýylda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň 42-siniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşikde biziň mekdebimiziň talyplary baýrakly orunlaryň altysyny eýelediler. Zehin bäsleşiginde üstünlik gazananlaryň arasynda Enejan Seýidowa, Käbe Hojamyradowa, Nurtäç Nurgeldiýewa we beýlekiler bar. Olaryň şowly çykyş etmeklerinde Myrat Joraýew, Tawus Gotdaýewa, Bahar Myradowa ýaly tejribeli mugallymlarymyzyň uly zähmet paýy bar.

Ki­tap — ylym­la­ryň ha­zy­na­sy

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da ata-ba­ba­la­ry­myz ylym-bi­li­me, ki­ta­ba be­lent sar­pa go­ýup, yl­myň ös­me­gi­ne go­şant go­şup­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem dün­ýä meş­hur alym­lar, şa­hyr­lar, akyl­dar­lar ke­ma­la ge­lip­dir, ola­ryň mi­ras gal­dy­ran ki­tap­la­ry gym­mat­ly ha­zy­na öw­rü­lip­dir. Bu bol­sa pe­der­le­ri­mi­ziň ki­ta­ba we ki­tap­ha­na­la­ra uly üns be­ren­dik­le­ri­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Döw­rüň bar­ha ösüp-öz­ger­me­gi bi­len kä­mil­li­ge eýe bo­lan adam­zat jem­gy­ýe­ti ylym ar­ka­ly ös­mek ug­ru­ny na­zar­la­ýar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­na gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Olar ýaş­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hü­när taý­ýar­ly­gy, ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn ös­me­gi üçin yk­dy­sa­dy we hu­kuk şert­le­ri­ni dö­ret­mä­ge, şeý­le-de okuw­da, iş­de, ylym-bi­lim­de, jem­gy­ýet­çi­lik we döw­let işin­de öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin oňyn şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hazar deňiz suwotunyň guşçulykda peýdasy

Ýurdumyzyň ot-iým goruny baýlaşdyrmakda Hazar deňzinde ösýän suwotularynyň uly ähmiýeti bar. Bu otlar düzüminde ýokumly maddalary, birleşmeleri, polisaharidleri, beloklary, lipidleri, makro we mikroelementleri köp mukdarda saklaýarlar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazar deňzinde suwotunyň 1 milliard tonnadan gowrak gory bar. Suwotulary gök, ýaşyl we gara-goňur reňklerde bolýar. Ösýän suwotulary barlanyp görlende, olaryň düzüminde polisaharidleriň 35 – 40, beloklaryň 30, makro we mikroelementleriň 30 – 35, witaminleriň bolsa, 5 göteriminiň saklanýandygy anyklanyldy. Mikroelementleriň içinde iň möhüm bölegi ýod we onuň birleşmesi bolup, düzüminde 0,19 göterime çenli ýod saklaýar. Munuň özi Hazar deňiz suwotuny oba hojalyk mallarynyň ot-iýmlik paýyna ýokumly goşundy hökmünde ulanmaga esas döredýär. Ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleriň biridir. Hazar deňziniň umumy meýdanynyň 25 göterimi Türkmenistana degişli bolup, ýyly howanyň täsiri bilen, onda suwotularyň köp görnüşi ösýär we onuň ep-esli bölegi tolkun bilen kenara çykarylýar. Olar uçup geçýän ýabany guşlar üçin esasy ot-iým bolup hyzmat edýär. Farmasewtikada suwotunyň käbir görnüşlerinden ýörite dermanlar hem ýasalýar.

Gymmaty egsilmeýän gollanma

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe süryän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we halkara baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni-sport çärelerini geçirmeklik ajaýyp däbe öwrüldi. Adamyň saglygy barada gürrüň açylsa, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri göz öňünde janlanýar. Bu eser biziň durmuşymyzyň sagdyn hem ruhubelent bolmagy üçin esasy ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösyän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünyä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň ber

Pähim-paýhas ymmany

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kitaphanalar ulanylmaga berildi. Olarda okyjylar üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Ylmyň, bilimiň ojagy bolan kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Kitaphanamyzyň gaznasy çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze usuly ýola goýuldy. Okyjylar özlerine gerek edebiýatlary diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilýärler. Bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Ha­ly­pa alym ha­kyn­da söh­bet

Ge­çen asyr­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ara­syn­dan ylym-bi­li­me hö­wes edip, il­kin­ji alym­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan ze­na­nyň kim­di­gi­ni, me­ge­rem, bi­le­si gel­ýän­ler bar­dyr. Şu so­rag öň­den bä­ri me­ni-de öz er­ki­me goý­ma­ýar­dy. Pi­kir­le­nip otur­sam, ahy­ry dil bi­li­mi ug­run­dan il­kin­ji bo­lup alym­lyk de­re­je­si­ni alan we soň­ra has ýo­ka­ry bas­gan­çak­la­ra ga­lan Zy­ly­ha Ba­ky­ýew­na Mu­ham­me­do­wa­nyň ady­ny ýa­dy­ma sal­ma­ly bol­dum. Bu gaý­rat­ly we akyl­dar türk­men zenanynyň ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lar­lyk ge­çen dur­muş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly bar. Onuň dur­mu­şy bi­len hor­mat­ly oky­jy­la­ry gys­ga­rak ýag­daý­da ta­nyş­dyr­ma­gy özü­me borç bil­dim. Zy­ly­ha Mu­ham­me­do­wa Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň Mülk­ýu­sup oba­syn­da 1922-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da ene­den do­gul­ýar. Ka­ka­sy Ba­ky Täç Mu­ham­me­dow (1899 — 1938) so­wat­ly adam­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr.

Kämil ylym-bilim bilen geljegiň täze giňişliklerine tarap

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze düşünjeler we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris