Ýaş alymlaryň täze gadamlary
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan degişli tertipde nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika ugurlary boýunça ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşik yglan edilipdi. Hormatly Prezidentimiziň zehinli ýaşlaryň başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we olary höweslendirmek, ylym-bilim babatda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli guralan bäsleşik iki tapgyrda, sanly ulgam arkaly guramaçylykly geçirildi. Halkara bäsleşige ýurdumyzdan we Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gruziýa, Hytaý, Malaýziýa, Özbegistan, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Wýetnam ýaly döwletlerden ýaş alymlar, inženerler, tehnologlardyr hünärmenler tarapyndan ylmy-barlag işleriniň, taslamalaryň jemi 279-sy, ýagny daşary ýurtlardan 108-si, ýurdumyzdan 171-si gelip gowuşdy. Hödürlenen taslamalar halkara derejeli hünärmenlerden ybarat eminler topary tarapyndan tehnologik we innowasion çözgütleriniň täzeçilligi, wajyplygy, amaly gymmaty nukdaýnazaryndan seljerildi. Bäsleşigiň birinji tapgyry şu ýylyň 17 — 24-nji iýuly aralygy