"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli itşynaslyk sungaty rowaçlanýar

Häzirki wagtda gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu babatda ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Munuň özi milli itşynaslyk sungatynyň ylmy esasda düýpli öwrenilmegine, onuň iň oňat däpleriniň ösdürilmegine, seçgi-tohumçylyk usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaý itlerimiziň nesil şejeresini ýöredip, olary köpeltmäge, türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen kinologlaryny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň düzüminde kinologiýa bakalawr taýýarlyk ugry boýunça hünär açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseri ýaş kinologlaryň ýankitabyna öwrüldi. Milli buýsanjymyzy beýan edýän kitapda türkmen alabaý itleriniň taryhy gelip çykyşyny, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän, ata-babalarymyzyň it hakda döreden nakyllary, rowaýatlary, pähim-paýhaslary, alabaýyň daşky görnüşiniň aýratynlyklary, gylyk-häsiýetleri, güjüklik döwrüniň döwürlere bölünişi we olara seredilişi, saklanylyşy, iýmitlendirilişi, ösdürilip ýetişdirilişi we seçgi-t

Aşgabadym — aşyk abadym meniň

Aziýanyň ak mermerden merjeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.Saňa bolan buýsanjymyň ýok çeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň. Behişt bilen bäs edişýär bu ýerler,Gujagyňda söýülerler, söýerler,Owal adyň yşkdan dörän diýerler,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.

Penjiräniň öňündäki adam

Bilemok, bu endik nireden galypdyr, haçan döräpdir, emma men boş wagtlarym penjireden daşaryny synlamagy halaýaryn. Islendik pasyl hem bolsa tapawudy ýok, ýöne hasam güýzüne ýagyş çisňeýärkä ýa-da gyşyna gar petdeläp ýagýan pursady ýolýakadaky, öýümiziň penjiresiniň öňündäki arçalaryňdyr beýleki daragtlaryň ýagşa ezilişini ýa-da kem-kem aklyga bürelip barşyny synlamagy halaýaryn. Güýzüň ýagyşly günleri eger mümkinçiligim ýa-da keýpim bar bolsa, men daşary çykyp, ýagyşly şäherde gezim etmegi halaýaryn. Emma uzaga gitmeýärin, öýümiň töwereginde aýlaň-çaýlaň edip oňýaryn. Penjire bilen bagly mende aýdara, deňeşdirere, gussa çekere, küýsege berlere kän-kän ýatlama bar. Olary hut häzir şu setirleri ýazýarkam, birme-bir, emma yzygiderli däl, başly-barat ýatlap, men ömrümiň agramly böleginiň ötendigi, adamlara aýdara nämedir bir zatlaryň peýda bolandygy barada oýlanýaryn.

Gulbaba bagşy

Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bagşylaryň hatarynda Gulbabanyň ady hemişe hormat bilen ýatlanýar. Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, heniz emedekläp ýörkä, dutar-gyjagyň owazyny eşideninden şol tarapa eňmegi kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna sebäp bolýar. Gulbabanyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar dilden-dile geçip, halk içinde ýaşap ýör. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen dana sözlerinden ugur alyp, Gulbaba Akyýewiň durmuşy bilen baglanyşykly käbir wakalary guwanç bilen okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. SOWGAT BERLEN GYJAK

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri

Zehinli körpeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, ýokary döredijilik başarnygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zehinli çagalardyr çagalar döredijilik toparlaryny ýylyň-ýylyna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglaýar.

Gymmaty egsilmejek kitap

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri kitaba uly sarpa goýup, oňa egsilmez gymmatlyk hökmünde garap gelipdir. Bu hakykat halkymyzda dörän rowaýatlarda, ertekilerde, has soňrakky döwre degişli ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde beýan edilýän wakalaryň, şeýle hem köp sanly nakyllardyr atalar sözlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ylym-bilime we medeni mirasymyza uly ähmiýet berýän alym Arkadagymyz halkymyza ajaýyp eserlerini, ylmy-ensiklopedik işlerini yzygiderli peşgeş berýär. Milli Liderimiz 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserini, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny sowgat etmegi tutuş halkymyz üçin mynasyp toý sowgatlary bolup, her birimiziň göwnümizi galkyndyrdy.

Gahryman Arkadagly ýyllar juwanlyk paýlaýar

Özüm bilen deň-duşrak pyýada jemgyýetçilik ulagyna münen badyna ýanymda boş ýeriň bardygyny görkezip, oturmagy mürehet etdim. Ýanyma gelip oturan badyna-da oňa salam berdim. Ol salam-helik soraşdy-da, ýüzüme çiňerlip seredip: — Maňa salam beräýdiňiz welin, deň-duşrak bolsak gerek?! — diýdi.

Aýdyma öwrülen setirler

Sözleri Täşli GURBANOWYňky.Sazy Kakabaý ANNANEPESOWYŇKY. Näzli dildarym (aýdym)

Belent mukamlar

Bagşa sazandarlyk etmek özbaşyňa saz çalan ýaly däl. Biliň bek guşalgy, seýsiň ýetik bolmaly. Sazanda bagşynyň daşyny dolap durmaly. Sazanda — bagşynyň ganaty. Ol bagşa belentliklere galyp, joşup-daşyp aýdym aýtmaga, diňleýjini özüne maýyl etmäge tekge berýär. Muhammetdurdy hem şeýle sazandalardandyr. — Muhammetdurdynyň gyjak çalşyna maýyl bolýaryn. Ony diňlesem, kalbym aram tapýar. Edil ýöne jadysy bar ýaly. Ýeke galsam, onuň gyjagynyň owazyny küýseýärin.

Müdimi senet

Halkymyzyň gadymdan gelýän “Görogly” şadessany, küştdepdi aýdym-saz dessury, türkmeniň halyçylyk sungaty ýaly milli gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp ornuny tapdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan dutar hem özboluşly milli gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanýar. Edil dutar çalmak ýaly, ony ýasamak hem örän inçeligi talap edýän sungat. Men muňa dutar ýasaýan senetkär, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Şükürow bilen gürrüňdeş bolanymda has-da anyk göz ýetirdim. Ol şeýle gürrüň berdi: Dutar ýasaýan adam ony hökman çalyp hem bilmeli. Haýsy perdeden nähili owaz çykýar, kirişleri nähili bolmaly, senetkär bu sowallaryň jogaplaryny dutar ýasaýan mahaly biläýmelidir.

Baýraklar dabaraly gowşuryldy

DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galyberse-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi.

Ussadyň ýoly

A.Berdiýewiň döreden Akmyrady tomaşaçylaryň aňynda şahyrana hem-de duýguçyl sahna gahrymanyň keşbi bolup galdy. Milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalar barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar.

Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň Aşgabat şäheri boýunça ýeňiji bolan çagalaryň 19-syna sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden bu bäsleşigine ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň, aýdym-saz we döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň we döredijilik toparlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Netijede, bu ugur boýunça tapawutlanan çagalaryň 64-si we 2 sany çagalar döredijilik toparlary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Zehiniň suraty

Onuň özüni görmän, eserlerini synlasaň-a, «Ol öz ýoluny tapan suratkeşdir» diýdirýär. Bu sungatda seýrek gabat gelýän ýagdaý. Sungatyň taryhy jähetinden adaty, ukyp-başarnygy babatda alanyňda weli, «adaty däl» (mümkin däl) diýdirýän geňlik. Şeýle zehinlileriň sungat dünýäsine gelşinden başlap, olaryň döredijiliginiň soňky menzillerine çenli gözlegi täzeçillik bolýar. Olar täzeligiň yşgynda bolansoňlar, beýik işleri döredýän adam hökmünde tanalýar. Biziň hem gürrüňini etmekçi bolýanymyz, entek ol döredijilik ýoluna-ha ymykly düşüberenok, ýöne «ol öz ýoluny tapan» diýdirýän suratkeşdir.

Watan merdana nesillerine guwanýar

Onuň döredijiliginde şekilli aýdymlar hem aýratyn orun eýeleýär. «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilen «Düýe çaly», «Üzärlik», «Türkmen alabaýy» ýaly şekilli aýdymlary bilen bagşy Rahman Rahmanow Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe sylag-serpaýyna mynasyp boldy. «Halal zähmet çekip, ata Watanyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak uly bagtdyr» diýip nygtaýan eziz Arkadagymyz bize döretmek, gurmak, bagtyýar döwrümize öz sesiňi goşup, yhlas bilen zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser eden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň konsertmeýsteri, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Rahman Rahmanowyň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Oňa ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandy, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakyldy.

Ýüreklerde orun alan gyjakçy

Welaýatymyzda ençeme tanymal bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de 1926-njy ýylda Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynda doglan Kasym Omarowdyr. Ol öýlenip, maşgalaly bolandan soň, Saýat şäherine göçüp gelip, şol ýerde ymykly mesgen tutunyp, pagta arassalaýjy kärhanasynda sürüji bolup işlän gyjakçy, tirmeçi hem-de dessançy bagşydyr. Çagalyk döwrümde öýümize bagşy-sazandalar köp gelerdi. Gijäniň bir wagtyna çenli aýdym-saz ederdiler. Şonda bir myhmanyň elindäki täsin saz guralyndan owaz alşyna haýran galyp oturýan halatlarym ýadyma düşýär. Soňraklar bilip otursam, ol gyjakçy Kasym Omarow, nobatma-nobat aýdym aýdýanlar bolsa, ýerli bagşylar Jumabaý Berdiýew, Çary Gutlyýew, Bäşim Çaryýew ekeni.

Watan mukaddesligi

Geçen — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen güýzki bag ekmek möwsümi halkymyzyň togap edýän mukaddeslikleriniň biri hökmünde topraga goýýan sarpasyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Çünki türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde toprak mukaddesligine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda manyly ýaşamagyň sungaty beýan edilýär. Ýaşamak, ýalkanmak, tagzym-togap etmek üçin bolsa toprak hem Watan gerek. Ine, hut şu zerurlyklaryň gymmatyna düşünmekde bolsa mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri adam üçin täze ruhy ýollary açýar. Ýoluň açyklygy bolsa türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde alnyň, bagtyň açyklygy hasaplanylýar. Diýmek, ata Watan hem ene toprak biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr.

Ak öýleriň zynaty

Howanyň çigräp başlamagy naýbaşy milli senetçilik önümlerimiziň biri bolan keçäniň durmuş, lukmançylyk we ruhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki keçe aýazly gyş aýlarynda özge düşek küýsetmeýär. Boz keçe örtülen altyn başly ak öýleriň içi gor ýaly bolýar. Ojakbaşy keçäniň üstünde dem-dynjyňy alyp, gök çaýdan ganarsyň welin, agyry-ynjyňa-da haýry degip, gök çaý janyňa melhem-derman bolaýar. Keçäniň gözellik dünýäsi-de özboluşly jadyly sungat mysaly. Onuň täsin gülleriniň mazmunyna dili dogaly ene-mamalarymyzyň arzuw-islegleri, ýagty umytlary siňen bolsa, gyralaryna salynýan şar gara ýüňli bölegi diňe bir gözden-dilden däl, eýsem, sähra mör-möjeklerinden hem goraýar. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň arasynda ulanylyş taýdan dürli maksatlara niýetlenip taýýarlanylýan keçe önümlerine uly orun degişlidir. Şondan ugur alnyp, keçe milli senetçiligimiziň sungat derejesine ýetirilen kämil nusgalarynyň biri hasaplanýar. Gülleriniň sazlaşykly utgaşmasyny, kämil tehnologiýa usullaryny ulanyp basylyşyny synlan daşary ýurtly sungaty öwrenijiler bolsa türkmen keçesini ýüňden düzülen mukama deňeýärler.

Hasyl bolan arzuw

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramy ýetip gelipdi. Şäheriň köçeleri diýseň owadandy. Oklaw ýaly göni köçeleriň ugrundaky hatar tutup oturan arçalardan başlap, howalanyp duran ak mermerli belent binalaryň öňündäki meýdançada ýörite oturdylan beýik arçalara çenli dürli reňkli çyralarydyr täsin bezegleri bilen ýylpyldaşyp, seredeniň göwnüni göterýärdi. Ençe wagt bäri ýüreginiň töründen ýylpyldap duran umyt uçgunlaryny söndi hasaplap gelýän gyz öýlerine nähili ýeteninem duýmady. Ol aşhanada güýmenip ýören ejesine-de habar gatman, göni öz otagyna girdi. Eşiklerini çalşyp, eline ilen kitaplaryň birini aldy-da, kürsüde ornaşdy. Ýöne kitap onuň ünsüni bölüp bilmedi.

Täze ýyl arzuwlary

Sygyr ýyly ýola düşdi,Aýlar-günler owuz bolsun!Allaň beren gözel ömri Gabyk däl-de, maňyz bolsun! Diňe ýagşylygy görýän,Rehnet nurly gözüň bolsun!Doga edip göterýäniň — «Watan!» diýen sözüň bolsun!