Müdimi senet

7 Ýanwar 2021
2193

Halkymyzyň gadymdan gelýän “Görogly” şadessany, küştdepdi aýdym-saz dessury, türkmeniň halyçylyk sungaty ýaly milli gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp ornuny tapdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan dutar hem özboluşly milli gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanýar. Edil dutar çalmak ýaly, ony ýasamak hem örän inçeligi talap edýän sungat. Men muňa dutar ýasaýan senetkär, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Şükürow bilen gürrüňdeş bolanymda has-da anyk göz ýetirdim. Ol şeýle gürrüň berdi:

Dutar ýasaýan adam ony hökman çalyp hem bilmeli. Haýsy perdeden nähili owaz çykýar, kirişleri nähili bolmaly, senetkär bu sowallaryň jogaplaryny dutar ýasaýan mahaly biläýmelidir.

Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.