"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli medeniýetimiz dünýä ýaň salýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar, milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, ýaň salýar. Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň türk dilinde, «TÜRKSOÝ» we «Business Turk» žurnallarynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanlarynyň neşire taýýarlanylmagy aýdylanlary aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Şöhraty äleme dolan dutarym

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Dutaryň we onuň bilen baglylykda, aýdym-saz sungatynyň umumadamzat gymmatlygy diýlip ykrar edilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Ol parahatçylygyň we dostlugyň nyşany bolan bu sungatyň mizemezligini aňladýar. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji awgustynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Öwekge bolmak aňsatmy? (Siziň deň-duşuňyz)

Okyjylarymyzyň aglabasy, aýratynam, kino muşdaklary sözbaşymyzy göreninden eýýäm haýsy Öwekgäniň gürrüňiniň ediljegini bilendirler. Pikir edişiňiz ýaly, ol — meşhur «Gyzyl kürte» çeper filminiň esasy gahrymanlarynyň biri, has dogrusy, şol keşbi ussatlyk bilen ýerine ýetiren Ybrahym Baýramow. Onuň aýtmagyna görä, şol kino çykansoň, dostlary oňa Öwekge diýýärler. Biz hem Öwekge — Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Ybrahym Baýramow bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeş bolduk. — Ybrahym, bilşimiz ýaly, kakaň belli režissýor. Kino sungatyna höweslenmegiňe hem kakaň sebäp bolandyr?!

Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde, ýagny 24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli ýerlerinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdy. «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli esaslandyryldy. Dutaryň we onuň bilen baglylykda, aýdym-saz sungatynyň umumadamzat gymmatlygy diýlip ykrar edilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Geçen şenbe güni paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Her ýyl ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan wekilleri bilen birlikde lebaply ýaş bagşy-sazandalar hem gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halk aýdym-sazlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlara uly orun berildi. Bäsleşige gatnaşan lebaply ýaş bagşy-sazandalar — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akjemal Halmyradowa we Halaç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Mergen Asdanow dagy özleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Eminler toparynyň netijesine görä, welaýatymyzyň wekilleri hem şu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanyldylar. Biz lebaply ýaş bagşy-sazandalary bäsleşikde gazanan ajaýyp ýeňşi bilen gutlap, olara geljekde-de sungat äleminde döredijilik üstünliklerini arzuwlaýarys.

Goşa tardan çykan owaz

24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde 18-35 ýaş aralygyndaky dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda her ýylda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 2022-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan şeýle-de Arkadag we Aşgabat şäherlerinden jemi 14 sany dutarçy sazanda, şonça-da bagşy gatnaşdy.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. ...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Milli aýdym-saz sungaty — nesilleriň ylham çeşmesi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Milli aýdym-saz sungaty — nesilleriň ylham çeşmesi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Şirwan perdeler owazlananda

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar türkmen dutarynyň şabram şelpelerinden çykýan şirin mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ajaýyp döwrümizi, bagtyýar zamanamyzy belentden wasp etdiler. Biz hem bu bäsleşikde owazly aýdym-sazlary bilen, Şa serpaýyna mynasyp bolan bagşy-sazandalaryň birnäçesiniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Dutaryň owazy — köňülleriň ylhamy

24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zehinli dutarçy bagşy-sazandalary joşgunly döredijilige ruhlandyrýan bu çärä onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazananlar uly buýsanç bilen geldiler. Bu çäräniň dabaraly açylyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Bu bäsleşik, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýýar. Aýdym-saz — halkymyzyň ýürek şatlygynyň owazy. Ata-babalarymyz eşretli durmuş baradaky mukaddes arzuwlaryny aýdym-saz bilen amal edipdirler.

Sahna eserleriniň bäsleşigi: Balkan welaýaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesindäki çäreler ýokary guramaçylykly geçirilýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan täze sahna eserleriniň, kinofilmleriň onlarçasy döredildi. Olarda dana Pyragynyň döredijiliginiň adamzat ähmiýeti, şahyryň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsi, il-gününiň ykbalyna baglanan pelsepewi oýlanmalary, şeýle hem Magtymgulynyň ömür-döredijiligi barada alymlar tarapyndan ýüze çykarylýan täze maglumatlar sahna sungatynyň üsti bilen wasp edilýär. Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dabaralandyrmak maksady bilen, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi dowam edýär. Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň 11-si gatnaşdy.

Kitaphanaçylar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kitaphanalaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy, türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda ýokary ruhubelentlikde guralan bäsleşige şäherdir etraplardan kitaphanaçylar gatnaşdylar. Welaýat Medeniýet müdirligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan dabarada kitaphanaçylar usuly gollanma taýýarlamakda, dananyň şygyrlaryny labyzly okamakda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, olaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp etmek, ýylyň şygarynyň ähmiýetini beýan etmek, işiň aýratynlygyny açyp görkezmek boýunça teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda eden çykyşlaryna seljerme berlip, ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede, Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow birinji, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulbagt Amangeldiýewa ikinji, Murgap etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Läle Zakirowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik we höweslendiriji sowgatlary hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşury

Çagalar ýylgyrsa, dünýä ýylgyrýar

19-22-nji awgustda paýtagtymyzda guralan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmek bilen, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalary gatnaşdylar. Forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy bilelikde gurady. Halkara sergi-ýarmarkasyna BMG-niň çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem gatnaşdy.

Pyraga bagyşlanan sergi

Toýly Çopanow, «Magtymguly Hindistanda». * * *

Medeni habarlar

Magtymgulynyň mirasy Moskwada 21-nji awgustda Moskwa şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert geçirildi. «Dostlary jemleýäris» atly XVIII Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy tarapyndan guralan bu medeni çärä ýurdumyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň 3-nji we 4-nji çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlary, aýdymçy-sazandalary gatnaşdylar.

Pursatlar

Suratda: Bahargül Kerimowa, Margarita Farajewa, Şemşat Hojaýewa we Nabat Nurmuhammedowa. Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa, Türkmenistanyň halk artisti Nabat Nurmuhammedowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurjemal Adyýewa, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sülgün Meretgeldiýewa öz döwründe türkmen aýdym-saz sungatynda uly yz goýan zenan bagşylardyr.

Sirk sungaty

Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy binalarda tegelek görnüşdäki diňlere duş gelmek bolýar. Belki-de, biziň ýurdumyzda ýerleşýän Nusaý galasyndaky tegelek diň döwründe imperatorlyk derejesine ýeten Parfiýada häzirki ahalteke bedewleriniň nesilbaşysy bolan parfiýa atlary bilen tomaşa görkezilen binanyň galyndylarydyr?! Munuň şeýle bolmagynyň mümkindigini alymlar tassyklaýarlar. Teatr, sirk sungaty parfiýa atlary bilen şöhratlanan bolmagy ahmaldyr. Diýmek, ajaýyp ahalteke atlarymyz miladydan öňki III asyrdan bäri sungat bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup gelýär. Ine, bu gün Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bina edilmegini kanunalaýyklyk hasaplasa bolar. Bu ýerdäki sirk hem ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýär. Sirk 3 gatdan ybarat bolup, çykyşlary görkezmäge niýetlenen meýdançasynyň diametri 13, ýerden ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metr. Binanyň esasy aýratynlygy nal şekilindeligidir. Sirkiň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman enjamlardyr tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sirk tomaşalaryny göwnejaý guramaga mümkinçilik berýär. Sirkiň tomaşaçylara niýetlenen ýerleri 10 bölümçä bölünip, merkezi girelgäniň çep we sag taraplarynda çykyşlara tomaşa etmek üçin oňaýly şertler döredilen. Bellenilmeli ýene bir tarapy, bu sirk dünýäniň iri halkara bäsleşiklerinde 5 gezek ýeň

Aýdymlary — köňülleriň keşdesi

Ajaýyp owaza ýugrulan aýdymlary diňlesek, göwnümiz göterilip, aýdym-saza bolan söýgimiz öňküsinden-de artýar. Bu bolsa aýdym-saz sungatynyň jadyly güýjünden, şirin owazlaryň süýjüliginden habar berýär. Biziň söhbetdeşimiz hem şirin aýdymlary köňülleriň keşdesine öwrülen, joşgunly gazallary döwrümiziň belent ruhuna ýugrulan mahmal owazly aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa. Ol indi birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy bolup işläp gelýär. Söhbetdeşligimiz aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusyndaky sowalymyza onuň şeýle jogap bermegi bilen gyzyşyp ugrady. — Mende aýdym aýtmak höwesi 6-7 ýaşlarymda döredi. «Eý, mekdebim, jana-jan» diýen aýdymy islendik ýaşdaky ynsan diňlände, biygtyýar mekdep ýyllaryny ýatlaýar. Ýöne bu aýdym meniň dünýämde mekdep ýyllary bilen birlikde, sungat ýolumyň gözbaşy hökmünde orun alypdyr. Sebäbi aýdymy 1-nji synpda okaýarkam, mekdebimizde geçirilen baýramçylyk çäreleriniň birinde ýerine ýetiripdim. Ilkinji çykyşymdaky tolgunyşym, mugallymlarymyň berekellamy ýetirmegi şu günki ýaly ýadymda. Ondan öňem doganym Annabikäniň aýdýan aýdymlaryny diňlänimde, aýdym aýtmaga höwes edýärdim. Ýerine ýetiren ilkinji aýdymymdan soň-a kalbymyň sungata bolan söýgüsi öňküsinden-de artdy. Aýal dogany

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler biri-birine ulaşýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi hem şeýle tutumly çäreleriň biri boldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa etrap-şäherleriň teatr toparlary öz sahna eserleri bilen gatnaşdylar.