"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gapydaky hat (Durmuş we biz)

Bu gün kakam gaty gijikdi-le, işden geler wagtyndan on minut ötüpdir. Gapymyz hem kakylman geçdi. Diňe iniňi tikenekledýän harasat mahal-mahal penjirämizi kakyp ötýär. Öýde ejem ikimiz. Ýanyp duran ýekeje şem. Daşarda bolsa dekabr. Ejem görgüli meni garaşmak duýgusyndan halas etmek üçin erteki gürrüň bermäge durdy. Wakalaryň iň gyzykly ýerini aýdyp başlanynda kakam hakydamda janlanyp, kalbym eleniberýär. Bütinleý ertekiden ünsüm sowulýar. Wiý, ýogsa-da, kakam maňa her gün şokolad getirip berýärdi ahyryn, ol bu gün nähili şokolad getirerkä? Men ol gün, hakykatdan-da, kakama garaşdymmykam ýa-da şokoladyma? Belki, şokolada garaşan bolmagymam ahmal, ýöne şokoladam kakaň getirende süýji bolýar ahyryn. Dünýäniň ähli kakalary öz çagalaryna şokolad getirýäni üçinem söýülmäge haklydyr! Dünýäniň ähli çagalary bagtlydyrlar. Hemmelerem kakalaryna garaşýar ahyryn.

Sergi bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk baýramy — parahatlyk aýdymy» atly şygar astynda sergi bäsleşigi geçirildi. Ol nakgaşçylyk, halyçylyk, grafika, çeperçilik sungatynyň ugurlary hem-de Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy wasp etmekden ybarat boldy. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa gatnaşdyrylan işler sergide Watanymyzyň gözelligi, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň asuda-parahatlygy, halkymyzyň ruhy dünýäsi, medeni-mirasy we häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen şöhlelendirildi. Netijede, 1-nji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülnäzik Tozanlyýewa, 4-nji synp okuwçysy Şahlo Žasurbekowa 1-nji synp okuwçysy Bibipatma Mämmedowa, 2-nji synp okuwçysy Leýli Orazgeldiýewa, 2-nji orna şu mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mähriban Aşyrowa, 2-nji synp okuwçysy Hatyça  Hudaýbergenowa, 3-nji synp okuwçysy Mylaýym Karajanowa, 1-nji synp okuwçysy Çaraz Rawşanowa, 3-nji orna mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Begzad Matýakubow, 1-nji synp okuwçysy Roza Saidowa, 2-nji synp okuwçysy Suleýman Jabbarow, 4-nji synp okuwçysy Meňli Ödäýewa dagy mynasyp boldular. Sergi bäsleşiginde ýeňiş gazanan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler maşgala agzybirligi, maşgalada çaganyň we ene-atanyň orny barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns berilmelidigini  ündediler. Milliligimize, asylly däp-dessurlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

TOÝLARY-TOÝLARA ULAŞÝAN, DIÝARYM Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

EDEP-TERBIÝELILIK — ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmäge gönükdirilen wezipelerinden ugur alnyp terbiýeçilik çäreleri geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri etrapdaky 10-njy orta mekdepde geçirildi. Çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, 1,15-nji orta mekdepleriň mugallymlary, 10-njy orta mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Parahatçylykda çagalaryň sesi

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralan «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçirildi.

Ajaýyp kitap halkymyza sowgat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Beýik ýüpek ýoly» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri we il ýaşululary gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara  beslenýän günlerinde,  Halkara Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri  bolandygyny nygtadylar. Olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly taryhy hem-de häzirki ösüşi barada giňişleýin maglumatlary öz içine alan eseriň ylmy we taryhy nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin hem baý çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Arkadag şäheri Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berýär. Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa tejribeler bilen utgaşýan ýokary şähergurluşyk ülňüleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin sylaglanyldy. Bu baýrak durnukly şähergurluşyk nusgasy hökmünde şäheriň ýeten sepgitlerini nygtaýar.

Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi

Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna bagyşlanyp sadaka berildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. Halkara “Bitewi suw” sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Mekke şäherine zyýarat etdi. Mukaddes Käbäniň ýanynda ol Türkmenistanyň gülläp ösmegini, halkyň abadançylygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dileg edip namaz okady.

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkezi açyldy

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy. Resmi türkmen metbugat gullugyna görä, açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniñ wekilleri, Halk Maslahatynyñ agzalary we Türkmenistanyñ Mejlisiniñ deputatlary, Daşoguz welaýatynyñ Kärdeşler arkalaşyklar bileleşikleriniñ, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyñ Daşoguz welaýat komitetiniñ hünärmenleri, il-ýaşulylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Ruhy gymmatlyklary sarpalap

Mälim bolşy ýaly, 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde sadaka berlip, oňa Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna berlen bu sadaka halkymyzyň asyrlarboýy eýerip gelýän ruhy däp-dessurlarynyň, häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. Sadaka gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler:

Abadanlyk — bagtyýarlyk

Ýangyn howpsuzlygy adamlaryň jany we saglygy, eýeçiligi, daşky gurşawyň abadançylygy babatynda ýokary derejede howpy saklaýandygy sebäpli, özi babatda ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribä hem-de döwrebap bilimlere daýanýan çemeleşmäni talap edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň abadanlygy, ilimiziň bagtyýarlygy ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar. Şundan ugur alyp, şu ýylyň martynda redaksiýamyzda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilipdi. Bäsleşige dürli ulgamlardan ýaşlar gatnaşyp, olar ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat edýän mowzuklardan birnäçe ugurlar boýunça çykyş etdiler. Ýakynda, ýagny 6-njy dekabrda bäsleşigiň jemi jemlenilip, eminler tarapyndan mynasyp görlen ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem olaryň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Halkara Bitaraplyk güni

Dünýä doldy şanly toýuň baýramy, Parahat parlaýar Döwlet baýdagy Şu gün ir säher bilen Mary şäheriniň merkezindäki Baş Baýdak meýdançasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Zähmete sarpanyň dabaralanmasy

Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanydyr Kararyna laýyklykda, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna we jogapkär işgärlerine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň hem-de ýadygärlik nyşanynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşynyň bähbidine

Welaýatymyzda ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy açylyp ulanmaga berildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Halkara Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap merkez welaýat merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, täze iri ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň ýanynda bina edildi.

Ýurt garşy alsyn!

Hojamguly JUMAGULYÝEW,welaýat salgyt bölüminiň bölümçe başlygy: — Täze taryhy döwür halkymyzyň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan, ýurdumyzda baky bagtyýarlygyň we abadançylygyň dabaralanýan ajaýyp zamanasy bolup, kalbymyza joşgun, ömrümize şatlyk bagyşlaýar. Halkymyzda täze öý-ojakly bolmak döwletlilikden nyşan hasaplanylýar. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda şeýle uly bagta mynasyp bolmagymyz ähli maşgala agzalarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Röwşen geljegimiziň binýady

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Bitaraplyk — röwşen geljegimiziň baky binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlap, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutuş dünýäde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlangyçlarynyň umumadamzat üçin gymmaty dogrusynda giňişleýin belläp geçdi.