"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze ýyl arzuwlary (Bolan waka)

Täze ýyl örän şowhunly baýramçylyklaryň biri. Täze ýyla ähli adamlar, esasan-da, biz — çagalar her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze ýylda ýagşy niýet bilen edilen arzuwlar hasyl bolýar. Bu hakda enem maňa: «Balam, «Täze ýyl» sözünde ýyly mähir, gudrat bardyr. Çünki her çalyşýan ýyl özüniň bagty bilen gelermişin. Bu baýramçylyk —sowgatlar baýramçylygydyr. Ol çagalary begendirmegi halaýar. Täze ýyl güni çyn ýürekden islän zatlaryňy, arzuwlaryňy hata ýazyp, Täze ýyl arçasyndan asyp goýsaň, onda olar hökman hasyl bolar» diýdi. Enem meniň üçin iň mähriban ynsan. Onuň aýdyp berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemek maňa diýseň ýakymly. Ähli aýdan zatlaryny hem ýatda saklamaga çalyşýaryn.

Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda, sözüň doly manysynda, taryhy wakalaryň biri boldy. Munuň özi milli Liderimiziň ýaş nesiller hakyndaky aladanyň geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanyşykly hem asylly maýa goýumydygy babatda aýdýan parasatly jümleleriniň iş ýüzünde doly amal edilýändiginiň ýene-de bir güwäsidir. Häzirki wagtda döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinen, her bir işe yhlasly, döredijilikli çemeleşmegi başarýan, ösen tehnologiýalardan we ylmyň gazananlaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, milli durmuş we zähmet ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, ruhubelent, watansöýüji, geljege ynamly garaýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň anyk mümkinçiliklere we ylmy esaslandyrmalara daýanýan giň gerimli durmuş özgertmeleriniň çäginde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Çünki tutuş dünýä jemgyýetçi

Ýatkeşlik we ony goramak (Durmuş we biz)

Ähli zatlaryň elektronlaşýan döwründe adamyň edäýmeli işlerini hem köp babatda elektron enjamlar, uzakdan dolandyryjylar, akylly tehnikalar amala aşyrýar. Mysal üçin, öňler telewizory bir kanaldan beýleki bir kanala geçirmek üçin ýeriňden turup, onuň «gulajygyndan» towlap geçirmelidi. Indi bolsa diňe bir telewizor däl, ähli enjamlar uzakdan dolandyryjylar arkaly sazlanýar. Mundan başga-da, matematiki hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin hem kelle döwüp oturmagyň geregi ýok. Elektron hasaplaýjylar arkaly islän ululykdaky sanyňy goşup, aýryp, bölüp, köpeldip... bolýar. Telefon belgileri hem ýatda saklajak bolup alada galmaly däl. Häzirki wagtda mobil telefonlaryň iň ýönekeýlerinde hem bu hyzmat doly amal edilýär. Kimiň telefon belgisi gerek bolsa, onuň adyny tapaýmaly. Şu agzalyp geçilenler we ýene-de şuňa meňzeş ençeme durmuşda döredilen elektronik ýeňillikler adamlaryň belli bir derejede hereketsiz galmaklaryna, şeýle hem ýatkeşliginiň peselmegine getirip bilýär. Eýsem, bu nädip bolýar?! Ynsan beýnisiniň ýatkeşlik bilen bagly bölegindäki nerw öýjükleri ulanylman galanyndan soňra, olar ölüp başlaýar. Çünki olaryň ýerine ýetirmeli wezipesini elektronik enjamlar amala aşyrýar. Şeýlelik bilen, ýatkeşlik peselip ugraýar. Elbetde, durmuşymyzy ýeňilleşdirýän elektronik enjamlardan ýüz öwrüp ýaşamaklyg-a känbir akyla sygjak zat däl. Emma ýatkeşligimizi başgarak usullar bilen gorap

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi

Binagärlik we gurluşyk ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli ýerinde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şähergurluşyk özgertmeleri eziz Arkadagymyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Paýtagtymyzyň binagärlik ösüşi onuň ozal döredilen düzümleriniň, Aşgabadyň keşbini kemala getirýän kompozisiýa arabaglanyşygyny aýawly saklamagyň esasynda emele gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan mähriban ýurdumyzda, milli Liderimiziň binagärlik sungaty, pähim-paýhasy bilen gurlan täze binalar mermer şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär, olarda Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplylygy öz beýanyny tapýar. Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen ata-babalarymyzdan nesillerimize ebedi miras galan binagärlik senedi beýik sungat derejesine göterildi. Şonuň esasynda ak mermerli Aşgabat ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekip, özüniň ajaýyp keşbi bilen Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň göwher gaşyna öwrüldi.

Çaý hakynda täsin maglumatlar

■ Rowaýata görä, ilkinji çaý biziň eýýamymyzdan öňki 2737-nji ýylda hytaý imperatory Şen Ningiň guran çaý ýapragyny tötänlikde gaýnag suwa gaçyrmagy bilen oýlanyp tapylýar. ■ Ýer ýüzünde çaýyň iň köp içilýän ýeri Irlandiýadyr. Beýik Britaniýa bolsa bu sanawda ikinji orunda durýar.

Şekillere siňen gözellik

Pasyllaryň hersiniň özboluşly owadanlygy, özüne çekiji ajaýyp bir keşbi bar. Gyşda tutuş barlyk ak gar bilen örtülse, bahar gelende, tebigat janlanýar, meýdanlar al-ýaşyl begrese bürenýär. Jöwzaly tomusda miwelerini bolluk bilen eçilen baglaryň ýapraklary tyllaýy güýz gelende älem-jahanyň ýüzüni altynsow reňke boýaýar. Pasyllaryň tebigata eçilýän tükenmez bu üýtgeşik gözellikleri islendik ynsany özüne bendi edýär. Ol aýratyn hem döredijilik bilen meşgullanýanlary biparh goýanok. Welaýatymyzyň Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň suratkeşleri hem şeýle gözellikleri öz eserlerinde şekillendirmekden uly lezzet alýarlar. Biz muňa «Arkadagly Watan ― türkmeniň bagty, Bitaraplyk saçýar ýollara ýagty» ady bilen geçirilen sergi bäsleşiginde hem ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykardy. Biz bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny beýan edýäris. Selbi  RUSLANOWA,Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy:

Tutumly taslamalar — Şanly ýylymyzyň rowaçlygynyň buşlugy

Eziz Arkadagymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda halkara derejesindäki möhüm ähmiýetli desgalaryň birbada bäşisine — Akina—Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar —Akina we Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň, şeýle hem Çärjew etrabynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi ulus-ilimiziň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny belende göterdi. Şu günler diňe bir welaýatymyzyň durmuşynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem tolgundyryjy duýgulary döredip, hakydalarda öçmejek yz goýan taryhy wakalara şaýat bolmagyň şatlygy ildeşlerimiziň uludan-kiçisiniň kalbyny egsilmez buýsanja besleýär. Bu taryhy waka mynasybetli geçen şenbe güni welaýat häkimliginde welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň hem-de kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahaty welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew açyp, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýy

Jümle-jahan habarlary

Sagano — bambuk tokaýlygy Sagano bambuk tokaýlygy Ýaponiýanyň iň gözel ýerleriniň biridir. Ol ýurduň Kioto şäheriniň günbatar eteginde, Araşiýama seýilgähinde ýerleşýär. Bu tokaýlygyň tutýan umumy meýdany 16 inedördül kilometre barabar bolup, onda gös-göni ösýän bambuklaryň müňlerçe düýbi bardyr. Täsin tokaýlygy XIV asyrda ussat bagban Muso Soseki döredipdir. Bu ýer diňe bir adatdan daşary gözelligi bilen däl, eýsem, şemalyň ýuka bambuk baldaklary bilen galtaşmagy netijesinde döreýän özboluşly sesiň ýaňlanýandygy bilen hem meşhurlyk gazandy. Sagano tokaýlygyna gelýänler gulaga ýakymly owazyň rahatlandyryjy täsiriniň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli bu täsin ýer ýurduň ilatynyň we dünýäniň jahankeşdeleriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Uly joşgun bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ajaýyp ýeňişlere beslenýän ýurdumyz ösüşleriň täze tapgyryna ynamly gadam basdy. Jemgyýetimizde ykbal kesgitleýji düýpli özgertmeleriň sazlaşykly we tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, olaryň kanunçylyk binýadynyň döwrebap kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň syýasy- jemgyýetçilik durmuşynda demokratik ýörelgeleriň barha çuňlaşdyrylmagy agzybir we jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny ygtybarly üpjün edýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy ilatymyzyň durmuş goraglylygyny we maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrýar. Ilatymyzyň erkana ýaşaýşy, asuda dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Täze jaýyň açylyş dabarasy

Belent sepgitlere beslenip, dabarasy dünýä dolan taryhy wakalaryň ýyly bolan Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany ýyly taryhyň gatyna siňdi. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam goýdy. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýy uludan tutuljak üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden guwançly wakalara beslenýändigi il-günümiziň kalbyna nur çaýýar. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Şol binalardyr desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi bolsa, Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmegine, il-günümiziň ýaşaýyş- -durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Bökdençsizlik gazanylýar

Ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyndan ugur alnyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Il-gün bähbitli bu wezipelerde edara-kärhanalaryň we ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi derwaýysdyr. Şeýle wezipäniň çözgüdi gyş aýlarynyň häzirki günlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu günüň ýokary talabyndan ugur alýan “Baýramalyşähergaz” gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tebigy gazyň sarp edijilere bökdençsiz akymyny üpjün etmekde ýadawsyz aladalanýarlar. Gyş aýlarynyň sowuk we ygally günleri edaranyň işgärlerinden ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Möwsümiň ýokary talabyna düşünýän ady agzalan edaranyň işgärleri Baýramaly şäheriniň sarp edijilerini mawy ýangyjyň akymy bilen üpjün etmekde ähli tagallalary edýärler. Olar dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalaryň gurat işlemegine yzygiderli gözegçiligi ýola goýýarlar. Gaz hojalyk edarasynda sargytlary kabul edýän bölümiň işgäri Azat Çolukow, ussa Geldimyrat Pyryýew, sürüji Alty Meretdurdyýew ýaly işine ezber zähmetsöýer adamlar has tapawutlanýarlar. Bu ýerde gyş günleriniň çylşyrymly wezipelerine abraý bilen hötde gelmek üçin degerli çäreler görülýär. Jogapkärçilik duýlup, işiň guramaçylykly ýola goýlan ýerinde bolsa gowy netijeler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Geljegi aýdyň ulgam Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylymyz döwrümiziň ösüşlerine mynasyp at bilen atlandyrylýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, bu ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, biziň bagtyýar Watanymyzyň at-abraýynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny açyp görkezýär.

Ýürekden bir sözüm bar

Zenan buýsanjy Hormatly Prezidentimiz zenanlara uly sarpa goýýar. Milli Liderimiz syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda zenanlaryň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýändiklerini, ýurdumyzyň ösüşinde uly goşantlarynyň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Türkmen halky taryhda-da, häzirki günümizde-de enelere uly sarpa goýýar. Eneler barada aýdanyňda, ähli ynsan ene bilen özüni bagtly saýyp, enäniň ýyly mähriniň özüne berýän şatlykly günlerine guwanýar.

Gök montýorly gürrüňlerden

Bir jüýjejik soý-da... Ir döwürde Baýramaly — Ýolöten aralygyna gatnaýan awtobusda gelýärkä Gök montýor bir gürrüňiň şaýady bolupdyr. Gepiň keltesi, bir ýigit öz agasynyň ýaramaýandygyny, görkezmedik lukmanynyň, tebibiniň galmandygyny, emma hiç bäri bakybermeýändigini, indem nä alaç etjegini bilmeýändigini aýdyp, gaty zeýrenipdir. Bir hepde bäri agasynyň hasam ruhdan düşüp, çaý-nahar bilenem seriniň ýokdugyny gürrüň beripdir.

Asudalygyň goragynda

Degerli işler Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işler üstümizdäki —— Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär. Şeýle ösüş-özgerişli döwrümizde il-günümiziň rahat durmuşyny üpjün etmek uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi asuda ýaşaýyş halkymyzyň eşretli günlerde ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegine mümkinçilik berýär.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Hadysasyz ýollar — maşgalamyzyň abadançylygy Hadysasyz ýollar — maşgalamyzyň abadançylygy

Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi

1. Mary şäheriniň A. Nyýazow köçesiniň ugrundaky 29, 31, 33, 37, 39, 41, 43, 45, 47, 51, 53, 55, 57, 59, 61, 63-nji jaýlaryň aralygyndaky (d-200, 160, 110, 63 mm) suw geçiriji ulgamlarynyň durkuny täzelemek; 2. Mary şäheriniň Suwhanow köçesinde suw geçirijisini gurmak;

Ýurt garşy alsyn!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl turuwbaşdan şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz buýsançly wakalardan doly. Mary şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly, 24 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň 16-njy ýanwarda geçirilen açylyş dabarasy hem şeýle buýsançly wakalaryň biri boldy. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, uzak möhletleýin berilýän karz puluň hasabyna, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze jaýyň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarany welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda has gowy zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaý ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe harby gullukçylara ajaýyp sowgat boldy.

Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi gurady. Oňa dürli kärde zähmet çekýän işeňňir zenanlar gatnaşdy. «Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, gadam basylan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de ýylyň şygary astynda geçiriljek çäreleriň ähmiýeti, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň öňünde durýan wezipeler barada täsirli gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, ýaşlary ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen işleriň yzygiderli häsiýetde alnyp barylmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň mynasyp orny bardyr. Şoňa görä-de, şanly ýylymyzda ýerlerde gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly çäreleri, şol sanda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we täsirli bäsleşikleri geçirmekde hem-de şolaryň netijeliligini gazanmak

Akyl — paýhas hazynasy

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň düýp özenini, terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek, olarda halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine buýsanjy artdyrmak, watançylyk duýgusyny ösdürmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde gurady. Oňa dürli kärdäki we hünärdäki zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjy zenanlar gezekli gezegine degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeltmek, nesillerde milli gymmatlyklara, asyrlaryň dowamynda ähmiýetini ýitirmän gelýän asylly ýörelgelerine bolan buýsanjy artdyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky tagallalary hakynda söhbet açan bagtyýar zenanlar döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleri okadylar, ondaky rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezdiler, bu gymmatly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen beýan etdiler.