Binagärlik we gurluşyk ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli ýerinde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şähergurluşyk özgertmeleri eziz Arkadagymyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Paýtagtymyzyň binagärlik ösüşi onuň ozal döredilen düzümleriniň, Aşgabadyň keşbini kemala getirýän kompozisiýa arabaglanyşygyny aýawly saklamagyň esasynda emele gelýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan mähriban ýurdumyzda, milli Liderimiziň binagärlik sungaty, pähim-paýhasy bilen gurlan täze binalar mermer şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär, olarda Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplylygy öz beýanyny tapýar. Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen ata-babalarymyzdan nesillerimize ebedi miras galan binagärlik senedi beýik sungat derejesine göterildi. Şonuň esasynda ak mermerli Aşgabat ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekip, özüniň ajaýyp keşbi bilen Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň göwher gaşyna öwrüldi.