"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Germaniýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, polipropileni hem-de buýan kökünden taýýarlanan çaýlary satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 257 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).    ahabat ir wagtlardan bäri, halky ýönekeý habarly etmekden başlap, sarp edijini ynandyrmak sungatyna çenli özüniň ösüş ýoluny geçip, adamlaryň özüni alyp barşyna belli bir derejede täsirini ýetirýän gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hut şu sebäpli-de, psihologiýa, sosiologiýa, ykdysadyýet we beýleki ylymlar tarapyndan mahabatyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ýetirýän täsiri öwrenilýär.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Häzirki zaman şertlerinde halkyň sarp edýän harytlarynyň marketinginde sarp edijilik islegini kanagatlandyrmak derejesini hemişe öwrenmek zerur bolup durýar. Ony harytlara bolan teklibiň, islegiň ýagdaýyň üýtgemegine laýyklykda döretmeli. Senagat we söwda guramalarynyň özara baglanyşygyny öwrenmeli, talaba, döwre görä üýtgetmeli, bazaryň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmegiň ähmiýetini ýokarlandyrmaly, önümçiligiň derejesini we öndürilen önümleri ýerlemegiň görnüşlerini güýçlendirmeli.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Halkara ulgamlara utgaşmak we hyzmatdaşlygyny giňeltmek:

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Norwegiýa Korollygy

Norwegiýa Korollygy Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, dünýäde adam ösüşiniň indeksi boýunça öňdäki orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. 2024-nji ýyl boýunça adam ösüşiniň indeksinde bu ýurt dünýäde birinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Norwegiýanyň Hökümeti resurslary netijeli we tygşytly ulanmak maksady bilen, sirkulýar ykdysadyýete geçmeklige we ony ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek üçin ýurtda «ýaşyl» sirkulýar ykdysadyýetiň Milli strategiýasy kabul edilýär. Milli strategiýanyň gurluşy şu aşakdakylardan ybarat:

Maýanyň hasabyna galkynýan ykdysadyýet

Syýahatçylyk pudagy, ajaýyp aşhanasy, hytaý, hindi, Ýewropa däpleriniň täsirinde ornaşan medeniýeti bilen tanalýan Malaýziýa häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli ýurt hökmünde hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ummanyň içinde ýerleşýän ýurt soňky ýyllarda hyzmatlar pudagynyň, içerki sarp edijileriň hem-de ýerli telekeçileriň hasabyna güýçli ösüşi başdan geçirýär. Muňa 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde hasaba alnan 5,9 göterimlik ykdysady ösüş hem (2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 4,2 göterime deň boldy) şaýatlyk edýär. Malaýziýanyň Merkezi bankynyň hünärmenleri ýokary depginli ösüşi daşary ýurt maýa goýumlarynyň köpelmegi, içerki islegiň we eksportyň geriminiň giňemegi bilen düşündirýärler. Ýurduň ykdysadyýeti soňky 4 ýylda ortaça 4,5 göterim (ýyllyk) ösüp, bu babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 15-nji orunda durýar. Şol bir wagtda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň hakyky (real) ýyllyk ösüşi 4,8; hümmetsizlenme 2,8; işsizlik derejesi bolsa 3,5 göterime deňdir. Ýurduň Merkezi bankynyň hasabatyna laýyklykda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 1,043 trillion amerikan dollaryna, adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň 12 253 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Uzakmöhletleýin meýilnamalaryň netijesinde bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 12 779, 2026-njy ýylda bolsa 13 342 amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. «Statista» p

Balyk we deňiz önümleriniň girdejisi şu ýyl 676 milliard amerikan dollaryndan geçer

«Statista»* kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda dünýäde balyk we deňiz önümleriniň önümçiliginiň girdejisi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlanyp, 676,2 milliard amerikan dollary töweregi bolar. Analitikleriň seljermesine laýyklykda, golaýdaky 5 ýylyň dowamynda balyk we deňiz önümleri bazarynyň ýyllyk ösüşi ortaça 6,54 göterimden ybarat bolar. Bu bazaryň girdejisiniň agramly bölegi Hytaýa degişli bolar (2024-nji ýylda 97 milliard amerikan dollary). Bu görkezijini ilat sanyna böleniňde adam başyna 87,3 amerikan dollaryndan düşýär. Hytaýdan soňra Hindistan, Ýaponiýa, ABŞ we Indoneziýa barýar. 2024-nji ýylda balyk we deňiz önümleriniň satuwy dünýä boýunça adam başyna 4,9 kilogramdan düşer diýlip çak edilýär. 2028-nji ýylda bolsa balyk we deňiz önümleriniň tebigy agramy 42,8 million tonna barar.

Altyn dünýä gaznalarynda barha köpelýär

Oktýabr aýynda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda gymmaty 4,3 milliard amerikan dollaryna deň 43,3 tonna altyn köpeldi. Bu barada Bütindünýä Altyn Geňeşi habar berýär. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda 285,7 milliard amerikan dollary möçberinde altyn bardyr.

Baffet «Appledäki» paýnamasyny satmagyny dowam edýär

«Berkshire Hathaway» «Apple» kompaniýasyndaky özüne degişli bolan paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Baffetiň kompaniýasy «Appeliň» paýnamalarynyň 13 göterimini birinji çärýekde, 50 göterimini bolsa ikinji çärýekde satypdy. Häzirki wagtda Uorren Baffete «Apple» kompaniýasynyň 300 million paýnamasy degişlidir. Maglumat üçin, «Berkshire Hathaway» kompaniýasynyň pul gory 325 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

3 milliard amerikan dollarlyk paýnama satar

Milliarder Jeff Bezos «Blue Origin» kärhanasyna we «Bezos Day One Fond» haýyr-sahawat gaznasyna maýa goýmak üçin «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Bu gezek Bezos 3 milliard amerikan dollary möçberinde paýnamalaryny satar. Ýeri gelende aýtsak, Jeff Bezosyň mundan öňki satan paýnamalary onuň pul goruny 222 milliard amerikan dollaryna ýetipdi.

«UniCredit SpA» girdejisini artdyrdy

Italiýanyň «UniCredit SpA» banky özüniň düşewündini 3 göterim, arassa girdejisini bolsa 8 göterim artdyrdy. Bu ösüş soňky çärýegiň dowamynda bolup geçdi. Bankyň habarlar bölüminiň mälim etmegine görä, «UniCredit SpA» üçünji çärýegiň dowamynda 6,14 milliard ýewro düşewünt, 2,51 milliard ýewro arassa girdeji gazandy.

55 million ýewro arassa girdeji gazandy

Germaniýanyň «Hugo Boss AG» kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça 55 million ýewro arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, 16 göterim pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi bolsa 1,03 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary ýylyň jemi boýunça «Hugo Bossyň» girdejisi 4,2 – 4,35 milliard ýewro ýeter diýip çaklaýarlar.

«DHL Groupyň» düşewündi ýokarlandy

Germaniýanyň «DHL Group» logistika kompaniýasynyň üçünji çärýekde düşewündi 6,2 göterim ýokarlansa-da, onuň arassa girdejisi 6,9 göterim pese gaçdy. Has dogrusy, kompaniýanyň düşewündi 20,592 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa 751 million amerikan dollaryna deň boldy. Ýeri gelende bellesek, logistika bazarynda «DHL Group» kompaniýasy dünýäniň iň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar.

Dünýä bazarynda kofäniň eksporty ýokarlanýar

Dünýä bazarynda iň geçginli harytlaryň biri kofedir. Käbir döwletler her ýyl millionlarça halta kofe eksport edýär. 2024-nji ýylda kofe eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda birinjiligi Braziliýa, ikinjiligi Wýetnam eýeledi, başdaky üçlügi bolsa Kolumbiýa jemledi. Maglumat üçin, kofe eksportynda birinjiligi eýelän Braziliýa şu ýylyň dowamynda 66,3 million halta kofe eksport etdi.

Sanly ykdysadyýet: döwrebaplyk, millilik, ösüş

Häzirki döwürde adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny berkitmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan ygtybarly ösüşimizi üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny buýsançly bellemelidiris. Ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmeginiň möhüm wezipeleriň biridigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Munuň özi sanly ykdysadyýeti has-da kämilleşdirmekde möhüm başlangyçdyr.

Gazagystandan we Hytaýdan awtoulag arkaly ýük daşamalaryna bolan sargytlar birnäçe esse artdy

ATI.SU saýtynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň III çärýeginde Russiýa daşary ýurtlardan ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany ýyllyk möçberde 68% göterim ýokarlandy. Bu ösüşe esasy itergi berenleriň biri Gazagystan boldy: Gazagystandan Russiýa ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany «birnäçe esse» artdy (takyk sanlar barada habar berilmeýär). Artan isleg köp derejede Hytaý bilen söwda aragatnaşyklary bilen baglydyr: ýükleriň belli bir bölegi (ýörite tehnika, awtoulaglar, ilat tarapyndan sarp edýän harytlar) häzirki wagtda töleg meseleleri sebäpli Russiýa Federasiýasyna Gazagystanyň üstünden ugradylýar. Ýük daşamak isleginiň ýokarlanmagy bu ugurda tarif nyrhlarynyň ýyllyk möçberde 45% göterime çenli artmagyna sebäp boldy.

“Daýhanbank”: döwrebap hyzmatlaryň gerimini giňeldip

Türkmenistanda alnyp barylýan oňyn pul-karz syýasaty esasynda bank ulgamynda täze sanly bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ornaşdyrylýar we raýatlara yzygiderli hödürlenilýär. Sebäbi adam üçin iň gymmatly zatlaryň biri wagtdyr. Bank ulgamynyň sanly hyzmatlaryndan peýdalanyp, her bir raýat öz wagtyny tygşytlap bilýär. Bu, öz gezeginde, ulgamyň işini kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde, bankyň özüniň we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip, gerimi has-da giňeldilýär. Bank tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine 4,5 milliard manat, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bölegine we raýatlara 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda, raýatlara şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almak üçin uzak möhletli karz s

Yhlasyň, zähmetiň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulan güni — geçen ýylyň 3-nji noýabry halkymyzyň hakydasyndan hemişelik orun aldy. Dabaranyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibi goldamagy bu pudaklaryň täze taryhynyň başyny başlady. Ine, bu ýyl bolsa Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän täze baýram — Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek uly dabara bilen bellenildi. Bu pudaklaryň işgärleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýandyklary hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Gutlagynda hem aýdylýar. «Häzirki döwürde gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär» diýlen sözler bu pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyza indiki belent sepgitlere ýetmekde täze joşgun bagyş etdi.

Parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ýoly

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag geçelgelerini döretmekde öňe sürýän parasatly başlangyçlary dünýäde parahatçylygy berkitmekde, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary we halkara giňişliginiň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Mähriban Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetinde hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagynda nähili ornunyň bardygyna düşünip, biz tutuş sebitde durnuklylygy hem-de parahatçylygy mundan buýana hem berkitmekde ähli başarnyklarymyzy jemleýäris, munuň özi adamzadyň geljekki ösüşleriniň hatyrasyna giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiz üçin esasy şert bolup durýar» diýen sözleriniň gymmatyny artdyrýar.

Türkmenistanyň, Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply tarifleri ornaşdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply nyrh meýilnamalaryny ornaşdyrmagy hem-de ýük daşamalarynyň häzirki wagtda hereket edýän nyrhlaryny uzaltmagy ylalaşdylar.  “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu meselä sişenbe güni Özbegistanyň Daşkent şäherinde GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 81-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda garaldy.