Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag geçelgelerini döretmekde öňe sürýän parasatly başlangyçlary dünýäde parahatçylygy berkitmekde, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary we halkara giňişliginiň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Mähriban Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetinde hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagynda nähili ornunyň bardygyna düşünip, biz tutuş sebitde durnuklylygy hem-de parahatçylygy mundan buýana hem berkitmekde ähli başarnyklarymyzy jemleýäris, munuň özi adamzadyň geljekki ösüşleriniň hatyrasyna giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiz üçin esasy şert bolup durýar» diýen sözleriniň gymmatyny artdyrýar.