"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap halkalaýyn energoulgamy

Häzirki zaman adamzat ýaşaýşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça başyny başlan giň gerimli işleriniň döwrebap ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy boldy. Soňra Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizildi.

Ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Elektroenergetika pudagy senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň biri bolmak bilen, ol islendik derejedäki ykdysadyýeti ösdürmek üçin esasy pudak hökmünde öňe çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň — Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy. Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler maksatnamalaýyn durmuşa geçirildi. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry 2023-nji ýylda işe girizildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi milli elektroenergetika pudagynyň t

Işler sazlaşykly guralýar

Welaýat azyk önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ösümlik ýag kärhanasynda önüm öndürmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri arassalanylmadyk pagta ýagynyň 4 müň 563 tonnasy, arassalanylan pagta ýagynyň 3 müň 627 tonnasy, sarunyň 11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.

Şu ýylyň bäş aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 153 göterim ösüş gazanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

TESC — 2024 halkara forumyna gatnaşyjy

«Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň galdyran täsiri hem-de özüniň wekilçilik eden Tatarystan Respublikasynyň (RF) Türkmenistandaky «KER — Holding» kompaniýasynyň işi barada bu kompaniýanyň ekologiýa taslamalary boýunça direktory Mansur Kisiatulin bilen gürrüňdeş bolduk. — Kompaniýaňyz hem-de onuň Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge gatnaşyşy barada gürrüň beräýseňiz...

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 5 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan gelen telekeçiler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen matalary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 30 müň 456 amerikan dollaryna deň boldy.

Arassa energiýa geçmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesidir

5-6-njy iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi. Forumyň açylyş dabarasyna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat bu ulgamda işleýän milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy özüne Angliýany, Uelsi, Şotlandiýany, Demirgazyk Irlandiýany we Ýer togalagynyň birnäçe adalaryny birleşdirip, häzirki wagtda «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy, senagat taýdan ösen, dünýäde jemi içerki önümiň nominaly boýunça 6-njy, jemi içerki önüminiň satyn alyjylyk ukyby boýunça 10-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde bellidir. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygyna bank, ätiýaçlandyryş, broker, maslahat beriş hyzmatlarynyň dünýä eksportunyň 10 göterimi degişlidir.

OPEC+ nebitiň gazylyp alnyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) nebitiň gazylyp alnyşynyň günlük möçberini 2 million barrele çenli azaltmak baradaky ylalaşygyň möhletini 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar. Degişli çözgüt Er-Riýad şäherinde geçirilen ministrler derejesindäki mejlisde kabul edildi. OPEC-iň maglumatlaryna görä, ylalaşyk esasynda nebitiň umumy gazylyp alnyşy her gün 39,7 million barrele deň bolmagynda galar.

Tehnologiýa pudagynyň ösen merkezi

Sanlylaşan dünýäde ýurtlaryň ýokary tizlikli internete eýe bolmagy wajyp meselä öwrüldi. Çünki internet ykdysadyýetiň islendik pudagynda ýüze çykan alysdaky meseleleri bir düwmäniň kömegi bilen çözmegiň hötdesinden gelýär. Şu nukdaýnazardan hem, ýurtlar internet tizligini ýokarlandyrmak, raýatlaryny internet bilen ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, ähmiýetli işleri durmuşa geçirýärler. Soňky ýyllarda internet tizligi boýunça Koreýa Respublikasy dünýäniň iň öňdebaryjysy bolmagy başardy. Häzirki wagtda ýurduň ilatynyň 90 göterimden gowragy internetden peýdalanýar. Bu bolsa, elbetde, ýurduň ykdysadyýetiniň, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bazarynyň gülläp ösmegine uly itergi berýär. Gazetimiziň şu sanynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösen merkezi hökmünde bilinýän Koreýa Respublikasynyň ykdysady kuwwaty hem-de mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etmegi makul hasapladyk. Koreýa Respublikasynyň soňky 60 ýylda başdan geçiren ykdysady özgerişligi ýurduň global üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmak ukyby bilen häsiýetlendirilýär. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda diňe oba hojalygyna esaslanýan ykdysadyýet innowasiýa goýlan oýlanyşykly maýa goýumlaryň hem-de amatly iş gurşawynyň döredilmegi netijesinde senagatlaşma gudratyny başdan geçirdi. Häzirki wagtda ýurt ýokary derejede ösen garyşyk ykdysadyýete eýe bolup, onuň jemi içerki önümi 1,72 trillion amerikan dol

Täze desgalar — ösüşiň möhüm ugry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni täzeliklere, hoş habarlara beslenýär. Şeýle hoş habarlaryň biri hem ýakynda ýaýbaňlandyrylan Daşoguz welaýatyndaky dabaralardyr. Has takygy, Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem bu ägirt uly desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny, ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýady düýpgöter döwrebaplaşýar, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi pudagyň işiniň has-da rowaçlanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu energetika pudagyny ösdürmekde we bir halka düzmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem munuň özi diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulga

Energetika ulgamyndaky belent üstünlik

Ýurdumyzyň energetika pudagy uly üstünliklere beslenýär. Energetika türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan çeşmeleriniň biridir. Baý tebigy gory we öndürijilik mümkinçiligi uly bolan döwletimizde bu ugra berilýän üns örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisi we beketleri dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkalaýyn energoulgamy taslamasy ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmegi öz içine alýar.Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda işler giň gerimde dowam edýär. Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry — Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda, ikinji tapgyry, Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. Bu taslamanyň üçünji tapgyry bolsa Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berildi.

Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

«Ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyk

5-6-njy iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi.

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak, Amyderýanyň hanasyny arassalamak we çuňaltmak, ulag we gurluşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýan «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar. Kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň bäş aýynda degişli meýilnama 110 göterimden gowrak amal edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 113 göterimden geçipdir. Bu ýerde ýük daşamaklyk, şol sanda suw üsti ponton geçelgesi, ulag hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk, gämileri abatlamak we gämi gurluşygy bölümi boýunça işleriň hersinde göz öňünde tutulan meýilnamalaryň artygy bilen amal edilendigini, ösüş depgininiň hem degişlilikde 121 we 130 göterime golaý bolandygyny bellemek buýsançlydyr.

Portlaryň gurluşygyny we ösüşini maliýeleşdirmek işi işewürlik ulgamynyň wekillerine ynanylar

2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli Russiýanyň deňiz portlaryny gurmak we ösdürmek üçin meýilleşdirilen taslamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin 541,1 milliard rubla barabar serişdäniň gerek boljakdygyny ulag ministri Roman Starowoýtyň çykyşyna salgylanýan «Interfaks» habar berýär. Bu serişdäniň diňe 41,1 milliard rubla barabar möçberi federal býujetden bölünip berler. «Deňiz portlarynyň ulgamyny ösdürmek üçin 16 deňiz portunda 30 çäräni durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli olaryň kuwwatyny takmynan 232 million tonna artdyrar» — diýip, Roman Starowit tassyklaýar.

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «DP World» terminallarynda konteýner dolanyşygy ýokarlandy

Dubaý terminalynyň we «DP World» logistika korporasiýasynyň maýa goýum bukjasyndaky terminallar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 20,7 million TEU-dan geçdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% köpdür. Bukjanyň düzümindäki üýtgeşmeleri hasaba almazdan deňeşdirip boljak ösüş 5,5% boldy. Toparyň Aziýadaky we Hindi ýarym adasyndaky terminallary arkaly gatnaw umumy dolanyşygyň ýarysyny emele getirýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň netijesi deňeşdirilende, 10% -den gowrak ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär. Şeýle hem, Amerika — Awstraliýa sebitindäki göwrümler takmynan 12% ýokarlandy, ýöne bu «DP World» kompaniýasynyň işiniň iň kiçi bölegi. Ýewropa + Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar sebitiniň dolanyşygy 1% azaldy we 7,33 million TEU boldy. Muňa garamazdan, Jebel Ali portunyň üsti bilen geçiş mukdary 3,5% artyp, çärýekde 3,6 million TEU-dan geçdi.

Energetika — Watan kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, energetika pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde energetika senagatynyň ösdürilmegi babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegine ak pata bermegi hem milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň senagatyny batly depginlerde ösdürmek boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanmaga berlen täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işleriň çäklerinde welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi, elektrik geçiriji ulgamlar guruldy. Netijede, energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn

Täze elektroenergetika desgalary — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

Toýlary toýlara ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde, ýurdumyzda dürli önümçilik maksatly desgalar, medeni-durmuş ähmiýetli binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi ajaýyp döwrümiziň möhüm wakasy boldy. Ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan täze elektroenergetika desgalarynyň ulanyşa berilmegi göwünleri ganatlandyryp, taryhyň sahypasyna zer harplar bilen ýazyldy.

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.