Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) nebitiň gazylyp alnyşynyň günlük möçberini 2 million barrele çenli azaltmak baradaky ylalaşygyň möhletini 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar. Degişli çözgüt Er-Riýad şäherinde geçirilen ministrler derejesindäki mejlisde kabul edildi.
OPEC-iň maglumatlaryna görä, ylalaşyk esasynda nebitiň umumy gazylyp alnyşy her gün 39,7 million barrele deň bolmagynda galar.