"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň dünýä möçberinde ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmeginiň esasy ýoly hasaplanylýar. Bu ugurdaky düýpli özgerişlikleri «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky alyp barýan işleriniň mysalynda hem görmek bolýar. «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy gündogar sebitde hormatly Prezidentimiziň kommunikasiýalar ulgamy syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem bu ugurdaky işlere gözegçiligi amala aşyrýan kärhana bolup durýar. Kärhana hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hemme ýerde kompýuterleşdirmek işiniň ösdürilmegine hem-de dünýäniň aragatnaşyk ulgamyndaky tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegini, şeýle hem kiberhowpsuzlyk

Daşary söwda strategiýasy: oýlanyşykly ädimler, oňyn netijeler

Dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýitileşmegi ýurdumyzyň daşary söwda-ykdysady ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmekde täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagyna şert döredýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy daşary ykdysady gatnaşyklary döwrebap derejede ösdürmek ugrunda ädilen möhüm ädimleriň ýene biri boldy. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berjek bu Strategiýanyň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini ynam bilen aýtmak bolar. Daşary ykdysady syýasat hem hemişe ýurduň milli bähbitlerinden ugur alýar. Mazmuny boýunça syýasatyň bu ugry syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we dünýä ykdysadyýetine netijeli gatnaşmak üçin daşary ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek we ulanmak boýunça döwletiň anyk maksada gönükdirilen işini aňladýar. Döwlet tarapyndan daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň maksatlarynyň we wezipeleriniň kesgitlenilmegi ykdysadyýeti döwletiň kadalaşdyrmagyny aňladýar. Çünki dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek häzirki döwrüň möhüm meselesi bolmak bilen, ony üstünlikli amala aşyrmak wezipesi döwletiň paýyna düş

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleriň arasynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işlere hem garaldy. Baky Bitarap Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurduň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlara aýratyn ähmiýet berýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym ulgamynda hem degişli işler ýola goýulýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Himiýa kärhanasy: zähmet ýeňişleri baş baýrama sowgat

Beýik bagtymyzyň ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa zawodynda ýylyň başynda goýlan ilkinji we esasy maksat boldy. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň himiýa ulgamyny ösdürmek babatyndaky yzygiderli tagallalary bu kuwwatly kärhanada işleriň ilerlemegine, şeýlelikde, öňde goýlan maksada ýetilmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri bilen şäherdäki önümçilik desgalaryna döredijilik saparymyzy hut şu kuwwatly kärhanadan başladyk. Aslynda, bu bisebäp däl. Owadan dünýämize bahar aralaşdy. Bahar dünýä özüne mahsus gözellikleri hem getirse getirýändir welin, birtopar iş-aladalar hem onuň synyndan ýapyşyp gelýär-de, hatarlanyberýär. Esasan hem oba hojalygynda iş ýetik. Eýsem, bu kuwwatly kärhanada hysyrdysy ýetik möwsümlere nähili taýýarlyk görülýär?

Türkmenabatdan Warşawa çenli

Geçen fewralda Türkmenabadyň pamyk öndüriji kärhanasynyň durkunyň täzelenilip, has kuwwatly görnüşde işe girizilenine 7 ýyl doldy. Başgaça aýtsak, bu kärhana 7 ýyl mundan ozal täzeden dünýä indi. Onda-da näderejede?! Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda geljegine uly umyt bildirilýän bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Täze kärhanada ulanyljak enjamlar bolsa bu Karardan alty-ýedi aý çemesi ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň ITMA ― 2011 halkara sergisinde saýlanyp-seçilipdi. Has takygy, ýurdumyzyň wekiliýeti bu ugurda baý tejribe toplan we dünýä meşhur şweýsar hem-de italýan kompaniýalarynyň enjamlaryna isleg bildiripdi. Hut şol enjamlar hem sähel salymdan soň Türkmenabatdaky kuwwatly kärhanada ornaşdyryldy. Has takygy, bu ýerde Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary kärhananyň barlaghanasynda pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçeýän bolsa, «Xorella» atly başga bir kompaniýada öndürilen enjamlar nah ýüplüklere çyglylyk berýär. Şeýle hem ýüplükleri awtomatiki usulda gaplamak üçin Italiýanyň «Zancaner», sowadyş, ýyladyş we howany tämizleýiş ulgamlarynda Şweýsariýanyň «Luwa» kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.

Ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerini ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri işjeň ulanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde, töleg kartlaryny, halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak boýunça uly işler edildi. Bularyň ählisi sanly ykdysady ulgama geçmegiň esasyny berkitdi. Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegi bilen bank hyzmatlarynyň ähmiýeti has ýokarlanýar. Nagt däl hasaplaşyklar has uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Islendik ýerde, hatda ykjam telefonlar arkaly hiç ýere barmazdan islendik hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligi artýar. Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýagny internet bank, mobil bank hyzmatlary ýerine ýetirilýärkä hem şahsyýeti anyklamak tertibi ýola goýuldy. Bank ulgamynda täze iş usullaryny ornaşdyrmak ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Berekediň gözbaşynda

Türkmenabat galla önümleri kärhanasy mundan sekiz ýyla golaý wagt ozal ― 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berildi. Doly önümçilige 2014-nji ýylyň başynda girişen kärhanada milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatynda alyp barýan işleriniň netijesinde önümçiligiň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Muny şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlaryndaky görkezijiler ýene bir gezek tassyklaýar. Bu ýerde ýylyň ilkinji iki aýynda ýokary we birinji sortly unuň 7 müň 801 tonnasy taýýarlanylypdyr. Munuň özi meýilnamada görkezileninden 1 tonna kändir.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçiliklere zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. * Karzyň möçberi — 30 000 (otuz müň) manada çenli.

Bedew batly ösüşleriň Watany

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi. Aýratyn hem, ylym-bilim, saglygy goraýyş, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň ençemesi kabul edildi we häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär. Bu bolsa mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şonuň ýaly-da, daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ygtybarly hem-de çalt özüni ödeýän maýa goýum çeşmesi hökmünde adam mümkinçiliklerini ösdürmäge goýberilýän serişdeler ýurdumyzyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisiniň hem dünýäde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, dünýäniň iň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen häzirki zaman kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi milli önümçiligiň kuwwatyny has-da artdyrýar, öndürilýän önümleriň ýokary hilli we ýeterlik mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Bu bolsa eksportyň mukdaryny köpeltmäge, importyň möçberini azaltmaga uly ýa

Işewürlikde täze mümkinçilikler

Eziz Diýarymyzy ähli babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizdäki orny barha ýokarlanýan hususy işewürlikde hem sanly ulgamyň gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän kärhanalaryň öz harytlaryny we hyzmatlaryny onlaýn usulda hödürleýänleriniň sany barha artýar. Garaşsyz Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň çäklerinde işewürlige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Bütin dünýäde geçirilen köp sanly barlaglaryň netijeleri we gündelik durmuşymyzda şaýat bolýan hakykatlarymyz sanly tehnologiýalaryň hem işewürler, hem müşderiler üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýändigini äşgär edýär. Sanly ulgam kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Çünki kiçi we orta telekeçilik ýokary derejede merkezleşdirilenligi we bazaryň özgerişine çalt uýgunlaşmak ukyby bilen tapawutlanýar. Bäsdeşlik göreşiniň ösenligi sebäpli kiçi we orta kärhanalar öz işlerine innowasiýalary we sanly tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrýarlar. Bu bolsa tutuş ýurtda sanly ykdysadyýetiň ös

Hyzmatyň hili yhlasa bagly

Ata Watanymyz Türkmenistan iri energetika döwletleriniň hatarynda ählumumy ykrarnama eýe bolan ýurtdur. Bu ulgamy täze belentliklere göterýän giň gerimli özgertmeler watandaşlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji fewralynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan belent wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň önümçilik kärhanalarynda hem şu günler döwrebap işler bitirilýär. Müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynda bitirilýän döwrebap işler bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze gurlan kärhanada iş ýerleriniň tämizligini, enjamlaryň kadaly işlemegini we zähmet goraglylygyny ygtybarly üpjün etmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Kärhananyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçlardyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär. Aslynda, Serdar nebit önümleri kärhanasy müdirligiň düzümindäki ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Serdar şäherindäki, şonuň ýaly-da, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny hem-de uçar kerosinini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 83 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Lebapawtoulag» — sebitiň ulag kuwwaty

Satyn alynýan ýokary hilli awtobuslar, taksiler, ýük awtoulaglary ýurdumyzda ulag hyzmatynyň göwnejaý ýola goýulmagyna ýardam berýär. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijilerini has-da ýokary götermekde, halka edilýän awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakda gazanan guwandyryjy üstünlikler üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Iň göreldeli kärhana» diýen Hormat haty hem-de ýörite göçme kubok bilen sylaglanmagy hem ýöne ýerden däldir. Gazanylan netijeler barada «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň başlygy Gurban Saýypow şeýle gürrüň berdi:

Watanymyň ýüregi sen, paýtagtym!

Biz Aşgabady «Aşyklar şäheri» diýip atlandyrýarys, oňa «Aziýanyň merjeni» diýip buýsanýarys. Paýtagtymyzyň ösüş-özgerişlerine, üstünliklerine, her bir täzeligine begenip hem guwanyp ýaşaýarys. Çünki merkezi şäherimiz gözel Aşgabat — ata Watanymyzyň ýüregi, geçmişi, şu güni we ýagty ertiri. Asyrlaryň dowamynda gurlup, pederlerimiziň zähmeti, yhlasy, ýürek owazy siňen merjen şäherimiziň bu günki gözelligine dünýä aşyk. Ak mermerden binalary asman boýlaýar, gök öwüsýän saýaly hem pürli baglary, al-elwan açylan dürli reňkli gülleri şäher gözelligini artdyrýar. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtyň arassa hem tämiz howasy jana tenekar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde yglan edilip, şol günüň şanyna «Aşgabat» seýilgähiniň ýanaşyk ýerinde «Aşgabat» binasy guruldy. Açylgy duran kitaby ýadyňa salýan şekildäki bu binanyň töweregindäki ýanýodalaryň güller bilen bezelmegi seýilgähe üýtgeşik görk berýär. Ynha, mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzda ýene-de bir döwrebap desgany — gözel künjekde täze gurulýan söwda we dynç alyş toplumyny «Aşgabat» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Munuň özi goşa toý bilen taryha girýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna özboluşly ýakym çaýýar.

Durnukly ösüş — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş şerti

Milli Liderimiz ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi 11-nji martda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Amatly we bähbitli bank hyzmatlary

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şonuň bilen birlikde, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak we ulgamyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça bankyň müşderileriniň ulanýan bank kartlarynyň sany 1,6 milliondan geçip, ýurdumyzda ulanylýan jemi bank kartlarynyň 37 göterimini emele getirýär.

Garagumuň suw şalygy

Çöl we suw. Bular özünde çuň manylary jemleýän düşünjelerdir. Jöwzaly çölde diriligiň, ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan suwuň gadyr-gymmaty örän ýokarydyr. Ata-babalarymyz tebigatyň ýowuz şertlerinde ýyldyz boýly guýulary gazyp, özleri we hojalyk mallary üçin her damjasy zere deňelýän suwy almagy başarypdyrlar. Häzirki döwürde bolsa halkymyz üçin asyrlaryň dowamynda çözülmesi örän kyn bolan bu möhüm meseleler üstünlikli çözülýär. Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek isleseňiz, Garagumuň bu sebitine gelip göräýmeli. Ony sözüň doly manysynda ymgyr çölümiziň suw şalygy hasaplamak bolar. Ol welaýatymyzyň Kerki etrabynyň çäginde, çöl içinde ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanydyr. Tutýan umumy meýdany 70 müň gektardan hem gowrak bolan suw howdany ozalky Uzynşor çöketliginde geçen asyryň segseninji ýyllarynda peýda boldy. Ol hem Garagum derýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Amyderýadan suw akabalary arkaly gelýän gyrmançaly suw howdanda toplanylyp, durlanandan soňra emeli derýa akdyrylýar. Başgaça aýdylanda, bu uly suw desgasy ýylyň ähli paslynda, ylaýta-da, suwuň köp sarp edilýän döwründe Garagum derýasynda suwuň kadaly möçberde akmagyny üpjün etmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm wezipeleri

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi.

Milli ykdysadyýet ösüş ýolunda

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýynda taýýarlyk görülýär.