"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Singapuryň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Omanyň telekeçileri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ownuk däneli hlorly kalini satyn aldylar.

Energetika ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirilip, ägirt uly netijeler gazanylýar. Geçirilýän taryhy ähmiýetli işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar.Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem geljegi baradaky düýpli aladalary durýar. Täze taryhy döwürde ýangyç-energetika toplumy has-da uly ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň öňdebaryjy pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap we talaba laýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem milli Liderimiziň ählumumy energiýa howpsuzlygy üpjün etmek boýunça yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary, olary üstünlikli amala aşyrmak ugrundaky tagallalary, ýangyç-energetika toplumynyň, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi hem-de munuň halkara düzgünlerine laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­sion ösü­şi

Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Her bir adam gündelik durmuşda ykdysady meseleler bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetçiler tarapyndan ulanylýan adalgalary peýdalanýar hem-de ykdysady ulgama degişli bolan maddy gymmatlyklary döredýär we sarp edýär. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:

Daşarky bazarlarda ilslegli ýüplükler

Mähriban Prezidentimiz daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň gerimini giňeltmekde, özümizde öndürilýän önümleriň halkara bazarlaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrmakda hususy pudagyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasy şol wezipelere mynasyp goşant goşmagy baş maksadyna öwren hususy kärhanalaryň biridir. Kärhananyň ýüplük we jorap öndürýän fabriginde bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän «ak altyny» senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly ondan önüm almak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önümçilik enjamlaryna, kämil tehnologiýalaryna daýanýan hususy kärhanada öndürilýän nah ýüplüklere hem-de jorap önümlerine müşderileriň arasynda islegiň yzygiderli ýokarlanýandygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen döwrüniň zähmet görkezijileri hem tassyklaýar. Anyk maglumatlara salgylanyp aýdanyňda, “Batly gadam” hususy kärhanasynyň kämil önümçilik enjamlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýan zähmet toparynyň tagallalary bilen ýylyň başyndan bäri öndürilen nah ýüplükleriň umumy möçberi 1 müň 976 tonna ýetdi. Şonça möçberdäki ýüplükleriň 1 müň 753 tonn

Gündogar sebiti — özgerişler mekany

Ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynda ösüşleriň uly tapgyry amala aşyryldy. Bu ösüşleriň dowamyny ýazyp ugran «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri welaýatyň ýaşaýjylary üçin örän ýakymly wakalara beslendi. Ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna möhüm iş sapary bilen geldi. Hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaralar teleköpri arkaly birleşdirilip, bütin dünýä ýaň saldy. Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli bolup geçen dabaralar ýurdumyzyň halkara abraýyny has belende galdyrdy.

Ulag ulgamynyň täze desgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň geçen ýyllary ulag we aragatnaşyk düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýyllary hökmünde eziz Watanymyzyň ýyl ýazgysynda mynasyp orun eýeledi. Bu strategik taýdan möhüm ulgamda durmuşa geçirilýän işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Bu ýol köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir.

Halkyň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty netijesinde bank ulgamyny ösdürmekde hem-de onuň kanunçylyk binýadyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde möhüm çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde raýatlara täze bank hyzmatlary elýeterli edildi we hyzmatlar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, karz almak we goýum goýmak işlerini, pul dolanyşygyny kämilleşdirmäge uly ýardam etdi. Karz edarasy tarapyndan karz serişdeleri berlen raýatlaryň karzyň esasy bergisini gaýtarmak we oňa hasaplanan göterimlerini tölemek amallaryny bank kartlaryny ulanyp, bankomatlaryň, «Internet bank» we «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky we şahamçalary tarapyndan «Goýum bank karty» we täze «Maşgala» atly kart hyzmatlary ýola goýuldy. «Maşgala» kartyny ulanmak bilen, maşgala agzalaryna islendik wagt islendik ýerlerdäki bankomatlardan nagt görnüşinde pul almaklyga, söwda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki durmuş hyzmatlary nokatlarynda nagt däl görnüşinde hasaplaşmaklyga giň mümkin

Ösüşiň uzakmöhletleýin ýoly bilen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Amatly geosyýasy ýerde ýerleşýän Türkmenistan köp möçberdäki uglewodorod serişdelerine eýedir. Biziň ýurdumyz uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna iberilmeginiň ygtybarlylygyna we goraglylygyna durnukly ösüşiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlary boýunça göni gepleşikleriň gerimini giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar. Bu ugurda CNPC, «Dragon Oil», “Hyundai”, LG, “Lukoýl”, ARETI we başga-da köp sanly abraýly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzyň ygtybarly we durnukly ösüşiniň uly geljegini üpjün edýän taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bu günki gün ösüşiň täze many-mazmunyna öwrülýär.

Utgaşykly işiň ýokary netijeleri

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody hususy kärhanalary hem-de telekeçileri işe çekmek esasynda welaýat merkezinde hem-de welaýatyň dürli künjeklerinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini alyp barýar. Häzirki wagtda Akdepe şäherinde bir gatly, bäş otagly jaýlaryň 4-siniň, Gurbansoltan eje şäherinde 2 gatly jaýlaryň 3-siniň, Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşligindäki täze döredilen şäherçede hem 10-a golaýynyň gurluşygy dowam edýär. Welaýatyň iri senagat düzümleriniň biri hasaplanylýan bu kärhanada şu ýylyň bäş aýynda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň hem-de ýerine ýetirilen dürli görnüşli önümçilik işleriniň pul mukdaryndaky möçberi 9 million manatlyga golaý boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri bu ýerde gurnama demir-beton önümleriniň 10 müň kub metrden gowragy öndürilip, ösüş depgini üpjün edildi. Döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda hojalygy ýöretmegiň täzeçe usullarynda işleýän zawodda iň kämil hem innowasion enjamlar ornaşdyrylan täze ulgamda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlarynyň taýýarlanyşynyň, şeýle-de ýerli gurluşyk önümleriniň esasylarynyň biri bolan hekiň öndürilişiniň möçberi artdy. Ýerli gurluşyklary ýokary hilli senagat önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmäge uly goşant goşýan kärhanada häzirki w

Sanly ulgam — ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, dürli maksatly önümçilik desgalarydyr binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň innowasion mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek maksady bilen, häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň» çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulaglar pudagynda ýerine ýetirilýän işler, gazanylýan oňyn netijeler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Dünýä ykdysady ulgamynda çylşyrymly geosyýasy şertleriň emele gelýändigine garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar. Taryhda ýurdumyzyň çäginden Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany söwda hem medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli esasda ýol

Gözelligiň göwher gaşy

Hormatly Prezidentimiziň: «Taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär» diýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşyny we ajaýyp durmuşyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Taryhy wakalara şaýat bolup ýaşamak ömrüňi uzaldýar. Onda-da, dürli maksatly beýik ymaratlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüniň tutulyş ýa-da açylyş dabaralaryna gatnaşmagyň ynsanlara edýän ýakymly täsiriniň näderejede belentdigi hemmelere mälimdir. Täsin binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren döwletimizde açylyp ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýyl-ýyldan hatar gurap, çägini giňeldýän owadan binalar milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýär.

Energetika: taryhy taslama badalga

Garaşsyzlyk ýyllary, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri elektrik energetikasy pudagy üçin özgerişlerden doly ýyllar boldy. Bu döwürde pudagyň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkiden taryhy resminamalar kabul edildi, şolaryň esasynda-da ösüş meýilnamalary amala aşyryldy. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa girizildi. Bu bolsa öňler çäklerinde hiç hili elektrik stansiýasy bolmadyk, oba hojalygy we senagat taýdan geljegi uly bolan demirgazyk sebitimizi elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Pudaga berlen ýardamlaryň netijesinde, 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda Ahal welaýatynda, Balkan welaýatynda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç sany gaz turbinaly elektrik stansiýasy gurlup ulanylmaga berildi. Netijede, türkmen energoulgamynyň kuwwatlylygy artdy, sarp edijileriň elektrik üpjünçiligi düýpli gowulandy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Hormatly talyplar hem-de mähriban ata-eneler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär: ■ «Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Kärhananyň üstünligi

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy toýlanýan üstümizdäki ýylda mähriban Watanymyzyň çägindäki ähli zähmet toparlarynda ýokary ruhubelentlik we joşgunlylyk dowam edýär. Bäsleşikli işler hem-de önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak ugrundaky yhlasly aladalar barha giň gerime eýe bolýar. Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasy-da şolaryň hatarynda. Adatça, zerur gurluşyk önümleriniň köp öndürilmegi ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň we sport desgalarynyň çalt gurulmagyna, işleriň depginli gitmegine, bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyna oňyn täsir edýär. Şu nukdaýnazardan, agzalan kärhananyň tamamlanan bäş aýda gazanan netijeleri hem has guwandyryjy boldy. Has takygy, ýanwar — maý aýlarynda toparyň hünärmenleri 14,100 m3 demir-beton öndürmegiň hötdesinden geldiler. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 13 müň 500 m3 barabar bolupdy. Öndürilen önümler tonnada görkezilende, 104,4 göterime deň boldy. Mahlasy, zähmet topary boýunça 12 million 375 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 142,6 göterim berjaý edildi.

Ykdysadyýet

BALYKÇYLARYŇ AZYK BOLÇULYGYNA GOŞANDY Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bedew batly ösüşlere beslenýär, oba-şäherlerimiz owadan keşbe girýär, tanalmaz derejede özgerýär. Döwletimiziň durmuşa geçirýän syýasatynda gazanylýan üstünlikler buýsandyrýar. Bu ösüşlere hemme zähmet toparlary bilen bir hatarda, «Ak durna» hususy kärhanasynyň balyk awlaýjylarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.

Elektrik energiýasy ojaklara nur paýlaýar

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda elektrik energiýasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän ýokary tehnologiýaly gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň bu ugurdaky tagallalarda möhüm ähmiýeti bar. Ak bugdaý etrabyndäki Derweze döwlet elektrik stansiýasy şeýle desgalaryň biridir. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu elektrik stansiýasynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. Gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy kuwwatly gazturbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir. Bu ýerdäki gazturbinalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly galyndylaryň möçberiniň azalmagyna mümkinçilik berýär.

Döwrebap işleriň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ähli ugurlarda öz wagtynda maksadalaýyk döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek ilkinji nobatda durýar. Häzirki wagtda dürli (okuw, işewürlik we maşgalasynyň ýanynda hemişelik ýaşamak) maksatlar bilen daşary ýurtlarda uzak möhletli bolýan raýatlarymyzdan, bolýan ýurtlarynyň düzgünlerine laýyklykda, uzak möhletli pasportlarynyň bolmagynyň talap edilýändigi sebäpli, biometrik maglumatly pasportlaryň hereket edýän möhletleriniň belli bir senä çenli uzaldylmagynyň zerurlygy ýüze çykýar.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň bäş aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Gazhimiýa toplumy: döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berýär. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işläp, uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça işler hem giň gerime eýe bolýar. Kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda hyzmatdaşlyga dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda ammiak, karbamid, polietilen, polipropilen, benzin öndürmek ýola goýuldy. Metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar.