"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gymmatly esere gyzyklanma artýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesine öwrülen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň çar künjeginde giň gerim aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çeper-dokumental häsiýetli kitaby çapdan çykan ilkinji günlerinden dünýä jemgyýetçiliginde-de seslenme döretdi. Şoňa görä, şu günler döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan hem bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň täze kitabyny tanyşdyrmak mynasybetli guralan çäre Hytaýyň Milletler uniwersitetiniň alym-professorlaryny, Hytaýyň Atçylyk senagaty assosiasiýasynyň Baş sekretaryny, Hytaý-türkmen dostluk merkeziniň başlygynyň orunbasaryny, Pekinde bilim alýan türkmen talyplaryny we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Bu duşuşyk hytaý jemgyýetçiligini ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň şygary hem-de üstümizdäki ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini göterýän Änew şäheri bilen tanyşdyrmak üçinem amatly mümkinçilik boldy.

Akdost — türkmen-tatar dostlugynyň nyşany

Golaýda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň Kazan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky habary türkmen halkyna buşlady. Munuň özi türkmen hem tatar halklarynyň dostlugynyň nyşanyna öwrülen Akdostuň mysalynda milli gymmatlygymyz bolan alabaýlaryň dünýädäki şöhratynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakadyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň senagat taýdan ösen sebitleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan ýygjam gatnaşyklara, durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalara hem aýratyn orun degişlidir. Elbetde, bu gatnaşyklaryň ýakyn häsiýete eýe bolmagyna gönüden-göni täsirini ýetirýän birnäçe şertler bar. Türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky taryhy, medeni, dil, din babatdaky meňzeşlikler, halklarymyzyň uzak ýyllaryň dowamyndaky dostlugy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen syýasy, ykdysady,

Köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda

Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäginde ýurdumyzyň Mary welaýatynda bolup, dürli mazmundaky duşuşyklardyr çärelere gatnaşdy. Eýranly wekiller saparyň ilkinji gününde dünýä siwilizasiýasynyň ösen merkezleriniň biri hasaplanýan «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Myhmanlar bu gadymy toprakda bolmagynyň çäginde ol ýerdäki öz asyl durkuny ýitirmän, gymmatyny şu güne çenli saklap gelen taryhy-arhitektura ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Muhammet ibn Zeýdiň, Soltan Sanjaryň, Hoja Ýusup Hemedanynyň hem-de Sahabalaryň kümmetleriniň, Al Mamunyň ýadygärliginiň gurluş aýratynlyklary, bezeg işleri, milli arhitektura çözgütleri olarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de goňşy ýurduň wekilleri welaýat merkezi bilen tanyşlygyň dowamynda Gurbanguly hajy metjidiniň binagärlik aýratynlyklary barada içgin gyzyklanyp, bu ýerde dini dessurlary berjaý etdiler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda diplomat dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýan oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen umumy garaýyşlary hem-de işjeň tagallalary ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirdi.

Tokioda türkmen wekiliýeti sanagat, ulag we syýahatçylyk boýunça duşuşyklary geçirdiler

Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we Italiýa ulag infrastrukturasyny döretmekdäki maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň orunbasary Edoardo Riksi, RFI (FS Topary) kompaniýasynyň prezidenti Dario Lo Bosco we baş direktory Žanpero Strisiuglio bilen duşuşdy. Bu barada «Teleborsa» habar berdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýändigini göz öňünde tutup, ýurtda infrastruktura taslamalaryny taslamak we durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar. Çäre ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugy maksatnamasy tarapyndan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň COP28-däki garaýyşlary goldanylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Bu Beýan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynyň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljek nesilleriniň bähbidine ählumumy howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi. Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen bilelikde, Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy üçin kanuny esasyň döredilendigi barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. BMG-niň durnukly ös

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem

Dostluk buýsanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy baýlaşdyrdy. Bu ajaýyp eseriň bölümleriniň biri «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlip atlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri kitabyň bu bölüminde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň berkemeginde aýratyn ähmiýetli orunlary eýelän Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Sindzo Abe bilen bagly ýatlamalaryň ýakymly pursatlaryna ýüzlenýär. Eseriň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» bölüminiň bölümçeleriniň biri «Sindzo Abe» diýlip atlandyrylyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen-ýapon dostlugynyň taryhy sahypalarynda aýratyn ähmiýetli orny eýelän şahsyýeti ýatlap geçýär.

Gazagystan Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden özara ýük daşamalary ýola goýmagy teklip etdi

Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär. Bu barada Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew 23-nji ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk, demir ýol we deňiz işleri ministriniň birinji orunbasary bilen bolan duşuşygynda mälim etdi. Onuň aýtamgyna görä, häzirki wagtda demir ýol we awtomobil ulagy arkaly Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça multimodal ulag gatnaşyklaryny guramak mümkinçilikleri bar.

Baku şäherinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň aeronawigasiýa düzümleriniň ilkinji sammiti geçirilýär

Baku şäherinde "CANSO" ady bilen Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň aeoronawigasiýa düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji sammiti geçirilýär. Bu barada "Azertag" habarlar agentligi mälim edýär. "CANSO" - bu aeronawigasiýa hyzmatlaryny üpjün ediji halkara guramadyr.

Türkmenistanyň we Belarusyň ilçileri Moskwada söwda, logistika meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler. Onda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy. Diplomatlar hususanda, iki ýurduň bir-birlerindäki söwda öýleriniň işi barada özara pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki özara gepleşikleriniň tertbine hem garaldy. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde logistika düzümlerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratynlykda garaldy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş

Döwletimiziň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilip, ýurduň has-da kuwwatlanmagynyň «ýaşyl» ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzdaky gurluşyk we binagärlik taslamalarynda hem durnukly «ýaşyl» ösüş konsepsiýasynyň esasy wezipeleri durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawyň hilini gowulandyrmak arkaly ekoulgamlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny we ekologiýa sagdynlygyny ýokarlandyrmak; galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmak; hojalyk işiniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny berjaý etmegiň ykdysady esasynyň höweslendiriji ulgamyny döretmek; şäherleriň we obalaryň howpsuzlygyny we ekologiýa taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmak, şol sanda bu işi «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrmak; ilatyň ekologiýa biliminiň we ekologiýa medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler muňa mysaldyr. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçilmegi adamzadyň daşky gurşawa zyýansyz, abadan we durnukly ykdysady işini üpjün edýär. Ol «ekologik ykdysadyýet» we «daşky gurşawyň ykdysadyýeti» düşünjeleri bilen baglanyşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri, şol sanda gol çekilen möhüm resminamalar ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ugrundaky geljegi uly başlangy

Göwünleri gülledýän gözellik

Gözelligiň goýnunda gezelenç etmegiň ýakymyny diýsene! Beýle pursatlar ynsan kalbyny şatlyga besleýär, pikirlerini durlap, döredijilik ukybyny artdyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň Modeller öýünde ýaýbaňlandyrylan sergä gelen myhmanlar hem üç günüň dowamynda şeýle lezzetli pursatlar bilen gurşaldylar. Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünärinden döreýän nepislikler güneşli ülkämizden has uzaklardan gelen myhmanlaryň ýüreklerine-de mahmal ýol saldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine bagyşlanan forumy ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gurady. Modeller öýüniň sergi zalyny bezän milli gymmatlyklarymyz bu ýere gelenleri zenan dünýäsiniň näzikligi bilen ýüzbe-ýüz etdi. On barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň döredijilik ukybynyň tebigat bilen sazlaşygy, ussatlygynyň inçelik bilen utgaşygy zenan başarnygynyň asyl nusgasy bolup açyldy. Gözellik sergisine gatnaşýan «Route De La Soie Et Al-Andalis» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Oriental Fashion Show» moda görkezilişiniň esaslandyryjysy Hind Žudar bilen söhbetdeş bolanymyzda, meşhur fransuz dizaýneri milli gymmatlyklarymyz baradaky täsirlerini biz bilen paýlaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

Parlament diplomatiýasyny ilerledip

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl — bu agzybirligiň, parahatçylygyň, ösüşleriň, oňyn başlangyçlaryň ýylydyr. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyz geljege ynamly gadam basýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şol sanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler geljekki tutumly maksatlarymyzyň berk binýady bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär.

Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk berkidilýär

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.