"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine tarap möhüm ädim

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.

Ýürek sözi

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan taryhy çözgüt Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bu gün tutuş dünýä ýüzi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanaýar. Berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary sebit we yklym derejesinde ösüşiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň bu babatdaky öňe sürýän başlangyçlary bolsa diňe bir giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky durmuşa geçýändigi bilen hem örän buýsandyryjydyr. Muny üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleriniň taryhy wakalary bilen hem doly delillendirmek bolýar. Ýaňy-ýakynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan möhüm resminama — Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda buýsandyryjy waka öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hem Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede ösýändigini doly alamatlandyrdy.

Dost-doganlyk däplerine eýerip

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işlere badalga berilmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz käninde gurlan, kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ösüşine oňaýly täsir etmän, eýsem, sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyndan gelip çykýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine esaslanyp, ýurdumyzyň we umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi. Olar durnukly ösüşlere we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportuny artdyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleri has-da artdyrylýar. Elbetde, munuň özi, hormatly Prezidentimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäg

Ösüşiň täze menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem şowly ädimler bilen başlady. Uly halkara taslamalary durmuşa geçirilip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly goňşy ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermeginde gurlan Akina — Andhoý demir ýolunyň, kuwwaty 500 kilowolt bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýylyň başynda ösüşlere badalga beren möhüm waka boldy. Milli Liderimiz Lebap welaýatyna iş sapary mahaly «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyşyna-da gatnaşdy. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň, desgalaryň işe girizilmeginiň aňyrsynda diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitleri bolman, eýsem, hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatdaky ynsanperwer maksatlary bar. Gündogarda giň ýaýran nakyllaryň birinde «Goňşyňda gül gögerse, ysy saňa ýeter» diýilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

Ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwer däplerine esaslanyp, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň gazanylmagy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan medeni-ynsanperwer maksatnamanyň çäklerinde yzygiderli ýardam edýär. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna saglyk öýleri, hassahanalar, orta mekdepler, metjitler gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösmegine, türkmen we owgan halkarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän ýylymyzyň başynda goňşy döwletde energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat düzümlerini berkitmäge niýetlenen Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu giň möçberli taslamalar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň Owganystana amatly bahadan eksport edilmegi goňşy döwletde durmuş şertleriniň gowulanmagyna goşant goşar. Täze elektrik geçiriji ulgam goňşy halkyň öýlerine nur çaýmak bilen bir hatarda, ýurtda durmuş maksatly täze desgalaryň gurulmagyna, önümçilik kärhanalarynyň döredilm

«Dostluk» ― türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda taryhy waka

Mundan bir hepde çemesi ozal Owganystan bilen halkara taslamalaryň täze toplumyna badalga beren Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy baýdak edinen ýylyň ilkinji aýynda halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimi ätdi. Özi-de ýene bir goňşusy ― Azerbaýjan bilen. Ýakynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki goňşy döwletiň Hökümetleriniň arasynda Ähtnama gol çekilmegi taryhyň çuňluklaryndan geçip gelýän türkmen-azerbaýjan dostlugynyň döwrebap röwüşdäki dowamyna öwrüldi. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji daşary ýurtly myhmanlarynyň biri boldy. Dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul eden milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyr. Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işler öz netijesini berdi. Hazaryň jümmüşindäki «Dostluk» ýatagy şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.

Buýsançly pursatlaryň beýany

Ýakynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan hoşallyk maslahatyny geçirdik. Oňa «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň, «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň, «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň we «Lebapgazüpjünçilik» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki saparynyň şanly wakalara beslenýändigini, ýakynda Lebap topragynda bolmagynyň hem ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan açylyşlara utgaşandygyny buýsanç bilen bellediler. Owganystanda işe girizilen demir ýol böleginiň, Kerkiden Şibirgana çenli çekilen elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň ulanylmaga tabşyrylmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Aýratyn hem Owganystandaky işe girizilen desgalaryň goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge, parahatçylygy üpjün etmäge uly itergi berjekdigi barada çykyşlarda bellenildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Häzirki wagtda ýurdumyz halkara geçelgeleriniň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Şolaryň birisi goňşy Owganystan döwleti bilen dostlukly hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam berýän Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýoludyr. Bu demir ýoluň ugrunda türkmen gurluşykçylary köprülerdir beketler, nebit önümlerini kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga niýetlenilen terminal ýaly möhüm gurluşyklary hem amala aşyrdylar. Milli hünärmenlerimiziň ýerine ýetiren işleri öz aýratynlyklary bilen haýran galdyrýar. Ýakynda bu ajaýyp desgalardyr binalarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tejribe okuwlaryny geçdiler. Geljekde ýurdumyzyň binagärçilik taýdan ösüşlerine goşant goşmak hyjuwy bilen joşýan ýaş talyplar iki günüň dowamynda bu ýerde bolup, binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny öwrendiler we gurluşyklaryň ýerine ýetiriliş usullary, olaryň biri-birine utgaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Ymamnazar demirýol menziliniň binasy olarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrdy.

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalaryň ençemesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda golaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň açylyş dabaralary bar. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň döredijilik syýasatynyň aýdyň netijesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etmelidir.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriň her biri, şeýle hem üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar halkymyzda buýsanç döredýär. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda iri taslamalaryň amala aşyrylmagy şeýle buýsançly we taryhy waka boldy. Munuň özi Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki—Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralardyr. Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklary gadymyýetden gözbaşly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň senenamasyna täze sahypa ýazyldy.

Taryhy wakalaryň şanyna

Ozal habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde bolup geçen taryhy wakalar, ýagny Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometr demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi mynasybetli, şu günler Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda maslahatlar geçirilýär. Düýn şeýle maslahatlar ýurdumyzyň medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary, söwda ulgamlarynda geçirildi. Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda geçirilen maslahat «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýarlygyň goşa ganaty» diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, döredijilik işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden belleniljek ýylyň başynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti, many-mazmuny, şeýle-de türkmen-owgan dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çeper edebiýatda, halk döredijiliginde, milli mirasda aýdyň şöhlelenen köpasyrlyk taryhy kökleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda şu taryhy ýylyň başynda işe girizilen täze

Sebitara gatnaşyklarda täze çemeleşme

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dabaralanýan ýyly hökmünde badalga aldy. 14-15-nji ýanwarda ýurdumyzyň gündogar sebitinde — Lebap welaýatynda işe girizilen täze taslamalar üstümizdäki ýylyň möhüm çäreleriniň we taryhy wakalarynyň başlangyjy boldy. Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleriniň teleköpri arkaly gatnaşmagynda, Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň goňşy Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam bermek we sebitara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tagallalarynyň uly netijeleri berýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda birbada üç sany iri desganyň işe girizilmegi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutman, eýsem, kontinental derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ýaly, uzak möhletleýin wezipeleri amal etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy biziň döwletlerimiziň ykdysady taýdan çalt depginle

Türkmen—owgan gatnaşyklary: däp bolan ýörelgelere ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir. Ýeri gelende bellesek, biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine iş ýüzünde uly goşant goşup, döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda dostlukly döwlete yzygiderli kömek berýär. Şoňa görä, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda teleköpri geçirilip, iri desgalar — Akina — Andhoý beketleriniň demir ýol bölegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de iki ugur: Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary ulanmaga berildi.

Dostlukly gatnaşyklar berkeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dost-doganlykly gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Türkmen gurluşykçylarynyň tagallalary bilen, Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň önüminiň ilkinji tapgyrynyň bu ýurda ugradylmagy hemişelik Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip, Owganystanyň hakyky hyzmatdaş hökmünde iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga çekilmegi Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir diýip belleýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň nusgalyk göreldesi

Dünýä döwletleridir halkara guramalar Türkmenistany ygtybarly, hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär. Ata Watanymyz sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasyna edýän ynsanperwer goldawlary we harytlaryňdyr hyzmatlaryň ýeňillikli bahalardan berilmegi owgan halky hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kanagatlanma bilen kabul edilýär. Üstümizdäki ýylyň 14-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berlen taslamalar — Akina — Andhoý aralygyndaky demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi goňşuçylykdan strategik hyzmatdaş derejesine göterilen türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki sepgidiniň aýdyň nyşanydyr. Gürrüňi edilýän açylyşlarda owgan Lideriniň öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetine TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasynyň 6 sentden 3,5 düşürilendigi üçin minnetdarlyk bildirmegi halkymyzyňdyr döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerliginden, sahawatlylygyndan habar berýär. Milli Liderimiziň sahawatly kararlary esasynda indi uzak ýyllaryň dowamynda Owganystan elektrik energiýasyny, suwuklandyrylan gazy we beýleki harytlary ýeňillikli bahalardan satyn alýar ýa-da ynsanperwer kömek hökmünde kabul edýär. Bu goňşy döwletiň içerki syýasy, ykdysady

Taryhy wakalaryň ýalkymy

Ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşagan bolýar. Hakykatdan-da, şu günler güneşli Diýarymyzda ýaşaýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýurdumyzyň halkara abraýy babatdaky buýsançly söhbetleri «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara syrygýar.

Ähmiýetli taslamalar — rowaçlygyň nyşany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol taslamalary amala aşyrmaga goňşy döwletleriň, daşary ýurtlaryň abraýly kompaniýalarynyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy.

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar beýik işlere beslenip, halklaryň, ýurtlaryň ykbalyna täsir edýän ösüş-özgertmeler bilen dabaralanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde — 14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Mähriban Arkadagymyz: «Bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir» diýip belleýär.

Türkmenistan — Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy

AŞGABAT, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy Çärä ministrlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň hatyrasyna

Taryhy wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli taryhy wakalar boldy.